Dünýä jemgyýetçiligi 23-nji aprelde Wiliam Şekspiriň doglan gününiň 450 ýyllygyny belledi.
«Bütin dünýä teatr, adamlar bolsa onuň oýunçylary» diýip bilen beýik ynsan häzir hem Angliýadaky iň meşhur şahs hasaplanýar. Onuň doglan güni mynasybetly «BBC» habar korporasiýasy halkara derejesinde sowal-jogap geçirdi.
Hindistandan, Braziliýadan, Hytaýdan, Germaniýada hem ABŞ-dan bolan 5 müň ýaş ynsan: “Häzirki zaman Britaniýasynda iň beýik sungat ussady hem şahsyýet kim?” diýen soraga jogap berip, Wiliam Şekspiri Angliýanyň iň beýik medeni şekili diýip ykrar etdi. Şekspirden soňra Beýik Birtaniýanyň korolewasynyň hem-de futbolçy Dewid Bekhemiň atlary gelýär.
Geniniň ýoly
Şekspir adamzady 400 ýyldan bäri haýran galdyryp gelýär. Onuň döredijiligi, ömri hem hyzmaty gyzyklanmalara hem çekişmelere sebäp bolýar.
Bary-ýogy 52 ýaşynyň içinde Şekspir 38 sahna eserini, 4 poema, 154 sonet hem 3 epitafiýa döredipdir.
Ol 19 ýaşynda dogduk şäheri Stratforddan çykyp, Londona gelipdir. Teatr aktýory bolup işe başlapdyr. Ol sahnada gowy çykyş edipdir. Soňra özi-de sahna eserini ýazyp başlapdyr. Ilki başga beýleki awtorlar bilen bilelikde, soňra özbaşdak eser döredipdir.
Ilkinji üstünlikli eseri “Riçard Üçünji” tragediýasy hasaplanýar. Soňky döreden “Genrih Dördünji”, “Romeo we Juletta”, “Otello”, “Gamlet”, “Korol Lir”, “Makbet”, “Ýuliý Szezar”, “Antonio we Kleopatra”, “Nadaranyň nogtalanyşy” hem beýleki eserleri uly meşhurlyga eýe boldy.
Şol wagtyň özünde ol şahyr, ajaýyp sonetler hem poemalar ýazdy. Drama eserlerini-de ak goşgy usulynda döredipdir.
Şekspiriň eserleri teatr sungatyna hem poeziýa örän ýiti täsir etdi. Ol sahna eserlerini rowaýat ýa-da taryhy maglumatlar esasynda döredipdir. Şeýle-de bolsa, ony örän ynandyryjy derejedä ýetirip bilipdir.
Meselem, onuň gahrymanlary Romeo we Juletta Italiýanyň Werona şäherinden diýilýär, hatda bu şäherde iki aşygyň duran ýerleri diýip, jaýyň eýwanyny görkezýärler. Bu şähere barýan syýahatçylaryň yzy üzülmeýär. Aslynda bolsa ol gahrymanlar Şekspiriň zehininden döräpdi. Alymlaryň aýtmagyna görä, beýik italian şahyry Aligieri Dante bu iki ýaş ynsanyň söýgüsini tymsal hökmünde edebiýata girizipdi. Şekspir olary ölmez-ýitmez derejä göterdi.
Beýleki bir tarapdan, Şekspirden öň romantiki-liriki temadan ýazylan eserler tragiki çäklere ýetirilmeýän ekeni. Ol “Romeo we Juletta” eserinde ynsan söýgüsiniň möhüm jemgyýetçilik meselesi bolup durýanyny aýtdy. “Korol Lirde” bolsa erksiz söýginiň, başgalara bolan çäksiz giň hormatyň agyr heläkçilige ýetirip biljegini görkezdi.
Ol birmi ýa-da 77?
Şeýle meşhurlyk bilen birlikde “Aslynda Wiliam Şekspir diýen adam boldumyka bir?” diýen sorag hem ýüze çykdy. “Ol eserleriň ählisini Şekspiriň bir özi ýazan däldir, ol awtorlar toparynyň gatnaşmagynda ýazylandyr” diýen çaklamalar bar. “Başgalar öz ýazan esrerini Şekspiriň adyna beripdir” diýlen çaklama-da bar.
Häzire çenli şeýle çaklamany öňe sürýänler 77 adamy Şekspiriň eserlerine şärikdeş edip görkezýärler. Muňa hem sebäpler ýeterlik bar. Owaly bilen Şekspirden hiç bir golýazma galmandyr. Onuň drama eserleriniň golýazmasy saklanmandyr. Onuň wesýetnamalarynda galan haty örän bulaşyk. Onuň çeken gollary hem biri-birine meňzeş däl diýip, alymlar aýdýarlar.
Beýle pikiri goldaýjylar Şekspiriň düýpli ýokary bilim almadygyny sebäp edip görkezýärler. Ol ýaşlykda Grammatika mekdebinde okapdyr. Soňra hasydyr bir ýokary ýa-da belli okuw jaýynda bilim alandygy barada maglumat ýok. Muňa garmazdan, onuň eserlerinde ençeme taryhy şahslaryň atlary gelýär. Ol möhüm taryhy wakalary beýan edýär. Şekspiriň sözlük fondy-da iňňän baý, ol takmynan 29 müň söz ulanypdyr. Meselem, Puşkin 24 müň söz ulanypdyr.
Beýle şübhelenmeler owaly onuň doglan senesinden başlanýar. Onuň takyk 23-nji aprelde dünýä inendigi barada ýazgy galmandyr, ýöne 26-njy aprelde çokundyrylypdyr. Şu nämälimlikler barada “Anonim” filmi döredildi. Ol jedeller häzirki günde-de dowam edýär.
Ölmez-ýitmez eserleriň awtory
Nähilem bolsa, şol ölmez-ýitmez eserler Wiliam Şekspir ady bilen tanalýar. Ol biziň halkymyza-da şol at bilen geldi hem türkmen teatr sungatyna we poeziýasyna ýiti täsir etdi.
Türkmen halky Wiliam Şekspiriň tragediýalaryny terjime edip, sahna çykarmak bilen dünýä medeniýetine dahylly boldy. Şekspiriň sonetlerini türkmen dilinde okaýanlar adamzadyň gazanan ýokary medeni hazynasyna şärikdeş bolýarlar. Şekspiri terjime eden Annaly Berdiýew Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy.
Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli