Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden Kiýewe eden saparynda Amerikanyň Ukrainanyň ykdysadyýetine kömek etmäge taýyndygyny, ýöne korrupsiýa "düwnügine" garşy göreşde köpräk iş edilmelidigini aýtdy.
Baýden Amerikanyň "kemsidiji haýbatlar" we "biynjalykdan gaçyrýan problemalar" bilen ýüzbe-ýüz duran Ukrainada milli bütewüligiň saklanyp, ýurduň energiýa garaşlylygyndan dynmagy üçin kömek etmäge taýyndygyny aýtdy.
Amerikanyň wise-prezidenti 22-nji aprelde Ukrainanada geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň dalaşgärlerine we ýurduň parlamentiniň agzalaryna: "Biz siziň ýaranyňyz we dostuňyz bolmak isleýäris" diýip ýüzlendi. Ol soňra hem 25-nji maýda geçjek prezidentlik saýlawlary "Ukrainanyň taryhynda iň möhüm saýlawlar bolsa gerek" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Baýden şol bir wagtyň özünde-de Ukraina öz syýasy sistemasyna mahsus nädogry endiklerden dynmak ugrundaky tagallalaryny artdyryp, "korrupsiýa düwnügine garşy göreşmeli" diýip, duýduryş berdi.
Gepleşikler
Jo Baýden Ukrainanyň häzirki wagtlaýyn prezidenti Oleksandr Turçinow bilen duşuşdy, ol premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetirýän Arseniý Ýatsenýuk bilen hem gepleşik geçirdi.
Baýdeniň Ukraina sapary Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň biri-birini ýurtda dowam edýän krizisi gowşatmak üçin Ženewada gelnen parahatçlyk boýunça ylalaşygyny bozýanlykda aýyplaýan mahalyna gabat geldi.
Ukraina, Orsýet, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan öten hepde Ženewada gol çekilen ylalaşykda Ukrainanyň gündogar şäherlerindäki orsýetçi gozgalaňçylar ýaragsyzlandyrylyp, olar eýelän döwlet binalaryny terk etmeli diýilýär.
Waşington Moskwa ylalaşygyň ýerine ýetirilmege barada tagalla etmese, özüniň Orsýete garşy täze sanksiýalary girizmek barada oýlanýandygyny mälim etdi. Moskwa hem Waşingtony, öz täsirinden peýdalanyp, gelnen ylalaşygy doly ýerine ýetirmegi üçin Kiýewe basyş etmäge çagyrýar.
Krym tatarlary
Bu aralykda krym tatarlarynyň lideri Mustafa Jemilewe geljek bäş ýyllykda Kryma barmak gadagan edildi.
Krym tatarlarynyň milli ýygnagy bolan Mejlisiň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, Jemilew 22-nji aprelde Ukrainanyň materikde ýerleşýän esasy bölegine gelende, oňa 2019-njy ýyla çenli Krym ýarymadasynda görmek islenmeýän sahsdygy aýdylypdyr.
Jemilew Krymyň täze orsýetçi hökümetini ýarymada öten aý Orsýet tarapyndan anneksiýa edileli bäri krym tatarlaryna garşy alnyp barylýan zulum-sütem kampaniýasyna meçew bermekde aýyplaýar.
Mejlis Krymyň täze ýolbaşçylaryny, şeýle hem adanyň Ukrainadan bölünip aýrylmagy boýunça geçirilen referendumy ykrar edenok.
Ukrainanyň parlamenti bolan "Ýokary Radanyň" agzasy bolan Jemilew "Bu biziň nähili ”siwilizlenen” döwlet bilen iş salyşýandygymyzy görkezýär" diýen kinaýaly sözler bilen bu karary ýazgardy.
Ol bu gadagançylygy äsgermezlik etjekdigini aýdýar.