Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Ukraina Orsýet dahyllylygyny ret edýär


Dükan işgäri Putiniň çykyş edýän wagty teleekrany süpürýär, Moskwa, 17-nji aprel, 2014.
Dükan işgäri Putiniň çykyş edýän wagty teleekrany süpürýär, Moskwa, 17-nji aprel, 2014.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň gündogaryndaky häzirki separatist gozgalaňynyň arkasynda Orsýetiň esgerleriniň ýa-da ýer astyndan işleýän agentleriniň durandygy barada aýdylýanlary «boş gep» atlandyrdy.

Putin 17-nji aprelde, rus jemgyýetçiliginiň öňünde edýän ýyllyk sorag-jogap çykyşynda bu gozgalaňa diňe ýerli adamlaryň dahyllydygyny aýtdy.

Ol gündogar Ukrainadaky adamlaryň, öz atlandyrmagyna görä, Ukrainadaky «konstitutsiýa bap gelmeýän döwlet agdarylyşygyndan» soň, öz geljekleri barada alada galandyklaryny aýtdy.

Ol bu regiondaky asuda ilatyň garşysyna güýç ulanmagyň we «tanklary hem howa güýçlerini ugratmagyň» Kiýewdäki häkimiýetleriň «ýene bir örän çynlakaý jenaýatydy» bolup durýandygyny aýtdy.

Putin Orsýet Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa etmegi planlaşdyrmady diýdi. Ol rus dilinde gepleýän ilata abanan hakyky «howplar» Moskwany herekete geçmäge mejbur etdi diýdi:

"[Krym] babatda öňünden hiç zat taýýarlanmady. Hemme zat emele gelen ýagdaý, şol pursatyň talaplary esasynda edildi. Emma muňa garamazdan, hemme zat ýokary professionallyk bilen amala aşyryldy."
Putin Krymyň anneksiýasy NATO-nyň giňelmegine jogap diýýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:50 0:00

Putin mart aýynda Krymda geçirilen bölünişik referendumy wagtynda ýerli öz-özüňi goraýyş güýçleriniň arkasynda rus goşunlarynyň durandygyny boýun aldy.

Şeýle-de ol özüniň Orsýet bilen Ukrainanyň eglişige gelip biljegine ynanýandygyny, sebäbi goňşy ýurtlaryň uly möçberdäki umumy bähbitleriniň bardygyny aýtdy.

Mundanam başga ol 17-nji aprelde Ženewada, dört tarapyň, Orsýetiň, Ukrainanyň, Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda açylýan gepleşiklere uly ähmiýet berýändigini belledi.

"Men şu gün Ženewada başlanýan gepleşikleri örän möhüm hasaplaýaryn, sebäbi men şu günki gün bu ýagdaýdan bilelikde çykmak we adamlara ýasama däl, hakyky dialog bermek örän möhüm diýip pikir edýärin."

Bu Putiniň geçiren sorag-jogap sessiýalarynyň 12-njisi boldy. Bu gepleşikde wagt çäklendirmesi ýok we ol Orsýetiň esasy telekanallarynda göni alnyp görkezilýär.

Kreml gepleşikden öň 2 milliondan gowrak soragyň gelip gowşandygyny aýtdy.

Krymyň we Krymyň Sewastopol şäheriniň ýaşaýjylaryna hem sorag bermek mümkinçiligi döredildi.
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:51 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG