Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Arslan: “Halkyň agzybirligine şaýat boldum”


Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki Ýewromaýdan protestleri döwründe üýşüp duran adamlar.
Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki Ýewromaýdan protestleri döwründe üýşüp duran adamlar.
Täze Tolkun gepleşigimiziň bu hepdeki sanynda Ukrainadaky we Gyrgyzystandaky syýasy agdaryşyklyklara şaýat bolan türkmen ýaşlary bilen söhbetdeşlik geçirdik.

Ýokary bilimini Ukrainada dowam etdirýän türkmen talyby Arslan: “MenUkrainada halkyň agzybirligine, dost-dostuň elinden tutup ýurduň syýasatyna aktiw gatnaşýandygyna şaýat boldum” diýip, Ukrainadaky syýasy agdaryşyklarda şaýat bolan pursatlaryny gürrüň berýär.

Gyrgyzystanda okaýan türkmen talyby Azat bolsa: “Ukrainada-da, Orsýetde-de Türkmenistandaky ýaly diktatura ýok. Bu ýurtlarda her kim öz islän zadyny erkin aýdyp bilýär. Şonuň üçin bu ýurtlarda rewolýusiýa bolýar. Türkmenistanda hiç haçan bular ýaly zat [rewolýusiýa] bolmandy” diýýär.

Ýokary bilimini Orsýetde dowam etdirýän Arslanlynyň, Azadyň we Arslanyň beren gürrüňlerini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň. Garaýyşlaryňyza teswir bölüminde garaşýarys.
XS
SM
MD
LG