Owganystandaky halkara güýçleriniň 2014-nji ýylyň aýagynda bu ýurtdaky söweş güýçlerini doly çykarmaga taýýarlanmagy goňşy ýurtlaryň öňünde «talyban» howpuna garşy, belli bir derejede, özbaşdak durmak aladasyny goýýar.
Bu alada golaýda türkmen-owgan serhedinde bolan pajygaly waka, türkmen serhetçileriniň birnäçesiniň gulluk borjuny ýerine ýetirýän wagty öldürilmegi bilen has-da görnetin göründi.
Ikinji tarapdan, bitarap Türkmenistanyň goranyş ukyby, harby kuwwaty, ýaş türkmen goşunynyň tälim-taýýarlygy barada hem öwgüli habarlar az. Çünki bu goşun S.Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda kyn ýagdaýlary başdan geçirip, prezident G.Berdimuhamedowyň harby reformasy diýilýän netijesinde birneme «özüne gelýär» diýip hasaplanýar.
Şol bir wagtda Owganystanyň demirgazygynda, türkmen-owgan serhedinde ýaşaýan etniki türkmenleriň bir bölegi «talybana» garşy durup biljeklerini, umuman bu işde Türkmenistana ýardamçy boljaklaryny aýdýarlar.
Eger S.Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda Türkmenistana ýol salan owgan neşesiniň ýetiren zyýanyny nazara alsaň, bu ýerde diňe harby hüjüm howpy däl, neşe howpy hem artyp biler diýen çaklamalar edilýär.
Şu ýagdaýda Türkmenistan näme etmeli we onuň Owganystanda kadaly, abadan durmuşyň ýol almagy üçin edýän tagallalary etniki türkmenler meselesinde nähili gerimde ösdürilse netijeli bolar?
Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar, pikir-bellikleriňize garaşýarys.