Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döredijilik syry


Baba Annanow (çepde) "Aýgytly ädim" filminde Artygyň roluny ýerine ýetirýär.
Baba Annanow (çepde) "Aýgytly ädim" filminde Artygyň roluny ýerine ýetirýär.
Doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli şu günlerde Baba Annanowy ýatlaýan köp bolsa gerek. Ol örän dostana ynsan bolup, köpüň hormatyny gazandy. Onuň bilen baglanyşykly bolan bir gürrüňi ýatlamak zerur bolsa gerek. Ol sungatyň syry barada.

Bu gürrüň 80-nji ýyllaryň başlaryna degişli.

Kinodaky syrlar hem emeller

Moskwanyň merkezi telewideniýesi dörediji adamlar hem sungat barada gepleşik berýärdi. Sungatyň dürli ugurlaryna aýdyňlyk girizilýärdi.

Şol döwürde kinolaryň surata düşürilişi hem seslendirilişi baradaky dokumental filmler görkezildi. Oňa tomaşa edenimden soň men hem begendim, hem gynandym.

Begenmegimiň sebäbi, surata düşürilen lentalaryň ses bilen nädip bezelýändigini gördüm hem oňa akyl ýetirdim. Gynanmagymyň sebäbi ol sesleriň ýasamadygyna düşündim. Kinodaky dürli sesleriň sazlaşygy barada ýa-da kinonyň ses bilen bezelişi hakda düşünje aldym. Meselem, at aýagynyň sesini ýönekeý tyrkyldy arkaly ýasaýan ekenler. Top okunyň partlamasyndaky sesi, otlynyň zoguny nädip edişlerini gördüm.

Mende öň bu sesleriň köpüsi tebigy bolşundan ýazgy edilýändir diýen çaklama bardy. Kinodaky sesleri döredijiler meni ynandyryp bilýän ekenler.

Bu hiç, bu bir tehniki serişdeler. Soňlugy bilen men has möhüm meselä göz ýetirdim.

Artist oýnaýarmy ýa-da döredýär?

Beýleki bir tarapdan kino aktýorlary baradaky gepleşikler maňa güýçli täsir etdi. Şol döwürlerde, asla häzir hem rus kino sungatynda Mihail Ulýanowy söýmeýän az bolsa gerek. Bu örän ukyply aktýordy. M.Ulýanow baradaky dokumental lenta mende uly gyzyklanma döretdi. Men şeýle erkli, öz sözüniň hem messebiniň yzynda berk durup bilýän şahsyýete diýseň guwandym.

Örän gaýratly hem tutanýerli ynsan “Başlyk” filminde Ýeror Trubnikowyň obrazyny döredip, özüni ykarar etdirdi.

“Azat ediş” filmini dörediji Ýuriý Ozerow M.A.Ulýanowa marşal G.K. Žukowyň roluny teklip edeninde, “ol örän beýik, halk ony aşa gowy görýär” diýip, şol rolda oýnamakdan ýüz öwürýär. Ýöne beýik serkerdäniň özi hut M.A. Ulýanowyň oýnamagyny isläpdir. Şeýdip, ol bu ägirt uly şahsyýetiň, geçen 2-nji Jahan urşunyň gahrymanynyň keşbini döretdi.

Muňa men däl, köpler haýran galypdy. Şahyr K.Gurbannepesow ol kinony hem, ol ýerde aýdylýan sözleri hem hakykat saýyp, bu barada eser döretdi.

Ussat aktýoyň şahsyýeti bilen ýakyndan tanşanymdan soň, men ekranda G. Žukowy däl-de, M. Ulýanowy görüp başladym. Sebäbi M.Ulýanowyň indiwidual derejesi, erki hem ukyby şeýle güýçli bolup, ol obrazyň içinden çykyp, tomaşaça görnüp durdy. Ekranda marşal G.Žukow hereket etmän, eýsem marşal geýimindäki ukyply aktýor harby serkerdäniň keşbinde oýnaýardy.

Sungat barada alan düşünjäm maňa sungatyň syryny açdy. Sungat öňküsinden sada bolup göründi.

Ikiçäk gürrüňçilikde bu ýagdaýy Baba Annanowa gürrüň berdim.

Baba hezil edip ýylgyrdy. Birsellem böwrüni diňläp oturdy. Soňra-da şeýle gürrüň berdi.

– Birwagtlar artistleri tomaşaçydan ýaşyrýan ekenler. Olar ýapyk paýtunda teatra gelipdirler. Olaryň ulagdan düşüp, teatra girýän ýeriniň aralygana şirme – tuty tutupdyrlar. Indi döwür özgerdi. Artist ýa-da aktýor tomaşaçydan ýaşyrylman, gaýtam köpçüligiň öňüne çykýar. Olar ýokary medeniýetli indiwidual adamlar saýylýar.

– Biz olary ýakyndan tanasak, döredýän rollaryndaky ynandyryjylyk peselýär ahyryn. Bu ýagdaýda sungatyň syry açylýar .

Baba ýene mylaýym ýylgyrdy.

– Döredijilik syry başga zatda bolsa gerek – diýip, ýaýdanmaç dillendi.

Döredijilik syry

– Mende ýazmak, bir zatlar döretmek höwesi döredi. Kino surata düşýän döwrüňde, boş wagtyň bolýar. Sen bir gyra çekilmeli-de, başgalara garaşmaly. Men şol aralykda çeper edebiýat okap başladym. Soň özümde-de döretmek höwesi oýandy. Ýöne Bossan bu işi oňlap barmady – diýip, aýaly, Türkmen döwlet drama teatrynyň artisti, belli sahna ussady Bossan Rejebowa seretdi. – Bossan ömrüni sungata beren adam bolansoň, maňa aşa talapkär çemeleşdimi ýa sungatyň agyr işdigini nazara aldymy, garaz, döredijilik işimi gollap barmady. Meniň bolsa işläsim gelýär. Eýsem bizi näme işledýär? Näme bizi şu azaplara mejbur edýär? Näme? Syr şol ýerde bolaýmasyn?!

Ol meniň ýüzüme seretdi.

Mende ýaýdanjaňlykdan başga zat bolmansoň, ýene özi gürläp başlady.

– Gije ýatar wagtyňda ýa uky arasynda oýananyňda, täsin pikirler kelläňe gelýär. Ýyly düşegiňden çykyp, ony kagyza geçirip başlaýaň. Şeýle ýagdaýda Bossan maňa: “Senden Çehow bolasy ýok” diýýär. Ol dogry, menden Çehow çykmaz, hatda Wasiliý Şukşinem döremez. Men ony bilýän, ýöne ýazasym gelýär. Eýsem Bossan ýaly gelniň gujagyndan çykyp, sowuk stoluň başyna eltýän güýç näme? Megerem, şol döredijilik syry bolsa gerek. Ony düşündirmek mümkin däl. Sungatyň syry şonda, düşündirip bolmaýan böleginde. Galan zatlary ukyba hem başarnyga bagly diýip hasaplaýan.

Ussat şeýle diýdi.

Bellik: Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG