Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Müftiniň seks başagaýlygy


 Rahmatulla-Haji Egermberdiýew
Rahmatulla-Haji Egermberdiýew
Gyrgyzystanda ýurduň baş dini wekiliniň çuw ýalaňaç ýagdaýda bir aýal maşgala bilen jynsy gatnaşyga girendigine çalym edýän wideonyň ýaýramagy bilen, ýurtda nägilelikli garaýyşlar barha möwç alýar.

Ähli kişi wideodaky erkek kişiniň Gyrgyzystanyň baş müftüsi Rahmatulla-Haji Egermberdiýewdigini ykrar edip, munuň bilen ylalaşýar. Bu ýerde esasy sorag başga zatda, ýagny müftiniň söýgi meýinden humarlan ýaş aýal maşgala kim?

Tankytçylar ol aýaly Ýokary yslamy ruhy lideri nikasyz jynsy gatnaşyklara iteren atsyz “seks bomba” diýip häsiýetlendirdiler. Emma Egemberdiýewiň özi “Hudaýyň öňünde päkdigini”, şeýle-de şol aýal bilen eýýäm dört ýyldan bäri nikalydygyny aýdýar.

Her niçikde bolsa, bu düşündiriş baş müftiniň edarasynyň daşynda ýygnanan onlarça protestçiniň gahar-gazabyny köşeşdirmekden ejiz gelene çemeli. Demonstrantlar ony zynahor diýip atlandyryp, wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Düýbi Bişkekde ýerleşýän “Musulmanlaryň geňeşi” atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň agzasy Bakyt Nurdinow bu wideonyň juda elheder ýagdaýlary döredendigini aýdýar: “Bu waka boýunça juda gyzgalaňly jedeller gidýär. Musulman jemgyýetiniň liderleri huk boldular. Ýagdaý juda çylşyrymly, olar näme diýjeklerini hem bilenoklar. Bu ilkinji gezek ýüze çykan bir ýagdaý boldy. Şeýle zatlara şaýat bolýandygymyz juda gynandyryjy”.

Täze ýyl gijesi gyrgyz websaýtlarynda peýda bolan bu wideo gizlin kamera arkaly surata düşürilene meňzeýär. Bu wideoýazgynyň soňundan ähli saýtlardan aýrylandygyna garamazdan, wideodan käbir suratlar saklanyp galypdyr.

Seks wideo ýazgylary Gyrgyzystan üçin täze bir zat däl. Mundan öň “Ata-Meken” syýasy partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýewiň hem şuňa meňzeş ýazgylary orta çykypdy. Emma dini wekilleriň jynsy gatnaşyklaryny görkezýän wideolar ýurtda belli bir derejede uly nägilelikeriň döremegine sebäp boldy.

Haj dawalary

Egemberdiýew Haja zyýaratlary gurnamak bilen bagly alyp baran işleri üçin salgytlary tölemezlikde aýyplanyp, derňew işini gozgalandygyna garamazdan, geçen ýyl baş müfti hökmünde saýlanypdy.

Egemberdiýew özüne bildirilýän aýyplamalaryň galpdygyny öňe sürýär. Şeýle-de ol bu wideoýazgynyň hem “şular ýaly oýundygyny” nygtaýar. Ol öz şahsy durmuşy bilen beýle gyzyklanýan adamlaryň kimlerdigini “juda bilmek isleýändigini” hem aýdýar. Egermerdiýew hökümet resmilerini we aňtaw işgärlerini öz şahsy işlerine garyşmakda ozal hem ençeme gezek aýyplapdy.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň ýurduň parlamentindäki wekili Orozbek Moldaliýew ýörite matlap bilen edilýär diýilýän aýyplamalary inkär edýär. Ol ýurduň müftüleriniň öz wezipelerini ahlak üçin däl-de, şahsy bähbitleri ugrunda ulanýandyklaryny aýdýar.

Moldaliýew bu barada şeýle diýýär: “Şol bir dini terbiýäni alan mollalaryň eýýäm tutuş bir nesli kemala geldi. Olaryň ählisiniň hem müfti bolasy gelýär. Bu maksadyň arkasyndaky sebäp hem – Haj zyýaraty. Ol ýerde gizlin 4-6 million dollar gazanmak mümkinçiligi bar”.

Soňky wideodan soň ýurduň dünýewi hökümeti bilen Müftüligiň arasyndaky boşluk has-da ulalana meňzeýär. Gyrgyzystanyň Müftüligi döwlet tarapyndan dolandyrylsa-da, ol ýurduň ymamlary meselesinde has köp awtanomiýa ugrunda tagalla edýär.

Soňky saýlanan müftüleriň hiç biri öz wezipesinde kesgtilenen bäş ýyl möhletini doly oturyp bilmedi. Ozalky müfti bu wezipeden korrupsiýa dawasy sebäpli çetleşdirildi. Ondan öňküsi bolsa, 2010-njy ýylda alnyp gaçylyp ýowuz ýenjilenden soň, aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG