Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

25-nji noýabrçylar: Maglumat näme üçin zerur?


Türkmenistanyň Adalat ministrligi
Türkmenistanyň Adalat ministrligi
Türkmenistanda «Sanjar wakasynyň» bolanyna, ýagny prezident S.Nyýazowyň janyna kast ediljek bolnandygy baradaky resmi habaryň ýaýranyna 11 ýyl doldy. Şol bir wagtda bu işde günäkär tapylyp, uzak möhletli türmä basylan onlarça adamyň soňky ykbaly nämälimligine galýar.

Halkara hukuk toparlary golaýda ÝHHG-nyň Warşawadaky ýyllyk maslahatynyň geçýän günlerinde ýörite koalisiýa döredip, 25-nji noýabrçylar barada maglumat almak üçin «Olary diri görkez» atly kampaniýa başladylar.

Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow, 26-iýun, 1997.
Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow, 26-iýun, 1997.

Eýsem Türkmenistan 25-nji noýabrçylar baradaky maglumatlary näme üçin gizleýär? Asla bu meseledäki faktlaryň doly aýdylmagy Türkmenistana gerekmi? Eger gerek bolsa, näme üçin gerek?

Azatlyk Radiosynyň nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligi şu meselä bagyşlandy.

Söhbetdeşligi diňläp, bu mesele barada pikirleriňizi, razylaşýan we razylaşmaýan zatlaryňyzy ýazmagyňyzy haýyş edýäris.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň internet saýtynda döredilýän pikir aýtmak mümkinçiliginden peýdalanyp, türkmen resmileri, şol sanda ozalky resmiler hem pikirini aýtsa, hoşal bolarys.

Mundan başga, bu mesele barada azda-kände bir zat bilýän türkmenistanlylar hem hakykaty ýüze çykarmaga kömek etseler, eger bolsa, 25-nji noýabr wakasy bilen bagly uzak möhletli türmä basylan adamlar barada bilýän zatlaryny aýtsalar, olaryň suratlaryny iberseler gowy bolardy.

XS
SM
MD
LG