Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbekler benzin gytçylygyndan kösenýär


Daşkendäki benzokolonkalaryň biriniň öňünde uzyn awtoulag nobatlary
Daşkendäki benzokolonkalaryň biriniň öňünde uzyn awtoulag nobatlary
Tebigy ýangyja baý bolan Özbegistanda benzin gytçylygy häli-şindi gaýtalanyp duran ýagdaý.

Soňky döwürde özbekler ýene-de benzin gytçylygyndan nalap başladylar. Eýýäm bir näçe hepdeden bäri özbegistanly ulag sürüjiler işleýän “ýangyç nokatlaryny” gözläp, köçelerde azara galýarlar. Birden olar açyk ýangyç nokadyny tapaýsalar, onda örän gysga wagtyň içinde benzokolonkalaryň öňünde uzyn awtoulag nobatlaryny emele getirýärler. Nobatlaryň nirelere çenli uzap gidýändiginden çen tutsaň, döwlet eýeçiligindäki ýangyç pudagynyň näderejede gowşandygyna anyk göz ýetirse bolar.

Samarkantly bir özbek raýaty ýerli ýangyç nokatlarynyň öňünde emele gelýän ýüregedüşgünç nobatlary şeýle suratlandyrdy: “Men ýaňyja azajyk benzin alyp bildim. Nobatyň uzynlygy 5 kilometr dagy bardy. Bir söz bilen aýdylanda, häzirki wagtda Samarkantdaky ýangyç nokatlarynda hiç hili benzin ýok. Ýollardaky awtomobil gatnawlaryna bir serediň. Mundan hem bir ýaşaýyş bolarmy? Biz hezil edip ýaşamzok, biz diňe oňuşýarys.”

Ýöne bu ýerde bizi geň galdyrýan bir ýagdaý bar, ýagny ýaňky samarkantly özbek raýaty özüni bagtlylaryň hatarynda saýýar. Özbegistanyň çägindäki ähli ýangyç nokatlarynda diýen ýaly “benzin ýok” diýen ýazgy bar. Ýagdaý şeýle bolansoň, ýangyjyň gara bazary - adamlaryň ýeke-täk çykalgasy.

Gara bazardaky ýangyjyň bahasy bolsa müşderileri sözüň doly manysynda köseýär.

Fergana jülgesinde ýerleşýän Kokant şäheriniň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen eden gürrüňdeşliginde özüniň bir litr benzin üçin 8000 som, ýagny 3 dollar altmyş sent töländigini aýtdy. Bu baha döwletiň bir litr ýangyç üçin kesgitlän bahasyndan dört ýarym esse dagy gymmat.

Her güýz paslynda gaýtalanýar

Häzirki wagtdy Özbegistanda bolup geçýän ýangyç gytçylygy bu ýurtda 2010-njy ýyldan bäri her güýz paslynda gaýtalanýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu ýagdaý Özbegistanyň ýangyç pudagynda entek çözülmeli köp meseleleriň bardygyna şaýatlyk edýär.

Daşkentli garaşsyz syýasy analitik Sergeý Ýežkowyň aýtmagyna görä, Özbegistan özüniň ýangyç eksportyny we içerki bazarlaryny kanagatlandyryp bilmejek derejede az ýangyç çykarýar. Ol bu mesele barada öz garaýşyny şeýle beýan etdi: “Döwlet eýeçiligindäki ‘Uzbekneftogaz’ kompaniýasy özüniň nebit we gaz önümçiliginiň mukdaryny yzygiderli azaldýar. Nebit önümçiligi we gaz önümçiligi ýyl-ýyldan pese gaçýar. Bu ýagdaý hem ”Uzbekneftogaz” kompaniýasynyň öz içinde ösüş maksatly reformalary amala aşyrmaýandygyny görkezýär.”

Bilermenler Özbegistanyň ýangyç pudagynyň ýagdaýynyň pese gaçmagyna ýurduň sowet döwründen galan nebit ýataklaryny ulanýandygy sebäp bolýar diýýärler. Şeýle-de özbek häkimiýetleriniň ýangyç tehnologiýasyny ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtly maýadarlary ýurda çagyrmaýandygy hem ýagdaýa oňaýsyz täsir edýär.

“BP” kompaniýasynyň 2013-nji ýyl üçin dünýäniň ýangyç gorlary baradaky statistiki maglumatlaryna görä, Özbegistanyň nebit önümçiligi 2012-nji ýyldaky döwri bilen deňeşdirende 12 göterim, ýagny 3.2 million kubometr azalypdyr. Ýurduň nebit önümçiliginiň girdejisiniň üçden bir bölegi gaz kondensatyndan alynýar.

Özbegistanda öndürilýän ýangyç ýurduň içerki bazarlaryny üpjün ederden-de ejiz, ýurtda 2012-nji ýylda jemi 3.9 million kubometr möçberinde nebit çykaryldy.

Ähli ýerde duýulýar

Ýurduň nebit önümçiliginiň ýagdaýynyň pese gaçmagy ýurduň ähli künjeginde, aýratynam Fergana we Buharadaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda has ýiti duýulýar.

Döwlet eýeçiligindäki “UzGazOil” kompaniýasyna degişli bolan ýangyç nokatlarynyň biriniň işgäri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen eden gürrüňdeşliginde Özbegistanyň ýangyjy gaýtadan işleýän zawodlarynyň hiliniň pesdigi barada habarçylarymyza gürrüň berdi. Ol ýurtdaky basyşlardan çekinip, efirde öz adynyň agzalmazlygyny haýyş etdi.

Şeýle-de Ferganada ýerleşýän nebiti gaýtadan işleýän zawodyň bir işgäri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna häzirki wagtda agzalýan zawodda önümçiligiň togtadylandygyny tassyklady.

Ýagdaýy pese gaçýan ýangyç pudagynyň tijenmegi üçin goňşy Gazagystan we Türkmenistandan benzin import etmek meseläniň çözgüdine oňyn täsir edip biler. Ýöne ol ýurtlardan ýangyç import etmek üçin Daşkent ummasyz köp pul sarp etmeli bolar. Elbetde, beýle ýagdaýa özbek häkimiýetleri hem göwnäp barmaz.

Ýežkowyň pikirine görä, ýurtdaky maliýe kynçylyklary we pul ýetmezçiligi şeýle importlara böwet bolýar: “Özbegistanyň daşary ýurtdan ýangyç satyn almaga puly ýok. Meniň bilişimçe, biz öz goňşularymyzdan benzin karz alýarys. Biziň gazaklara we türkmenlere onsuzam bergimiz bar. Meseläni çözmek üçin biz daşardan ýangyç karz alýarys. Eger-de hökümetiň bazarlary ýangyç resurslary bilen üpjün etmäge mümkinçiligi bolsady, bu bireýýäm şeýle edilerdi. Sebäbi, Özbegistan üçin hemme zatdan has wajyp mesele – durnuklylyk. Muny amala aşyrmak üçin ol pul serişdelerini gaýgyrmaz. Ýöne muňa biziň mümkinçiligimiz ýok-da.”

Ýöne beýleki käbir bilermenleriň aýtmaklaryna görä, esasy mesele diňe pul däl. Daşkent özüniň ýangyç pudagyndaky monopoliýasyny dowam etmek üçin hususyýetçileriň ýangyç pudagyna goşant goşmaklaryna rugsat bermeýär.

“Kanunda bar, hakykatda ýok”

Ozal Özbegistanda maliýe ministri bolup işlän Saparbaý Jumaýew häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanada ýerleşýän Ýewraziýanyň ykdysadyýet institutynda professor bolup işleýär. Ol agzalýan meseleler boýunça öz garaýyşlaryny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna şeýle beýan etdi: “Resmi kanunçylyk namalaryna, Konstitusiýa garasaň, Özbegistanda bazar ykdysadyýeti bar. Ýöne, gynansagam, hakykat ýüzünde Özbegistanda sowet zamanasyndan miras galan planly ykdysadyýet höküm sürýär. Ýöne Sowet Soýuzyndakydan tapawutlylykda özbek häkimiýetleri ýagdaýa doly erk edip bilmeýärler. Bu ýagdaý hem şeýle krizisleri döredýär. Sowet döwründe hemme zada ýiti gözegçilik edilýärdi. Şeýle ýagdaýlardan baş alyp çykmagyň ýeke-täk ýoly – sözüň doly manysynda hakyky bazar ykdysadyýetine geçmeklik. Ýöne özbek häkimiýetleri “aňsat pul gazanmak” tärinden el çekmeýän ýaly.”

Özbegistanyň döwlet eýeçiligindäki ulgamlary korrupsiýa bilen meşgullanmak üçin tükeniksiz mümkinçilikleri hödürleýär. Ýurduň iň bir girdejili nebit-gaz pudagy Yslam Karimowyň iň ýakyn ýaranlary tarapyndan dolandyrylýar.

Indi hroniki ykdysady kesele öwrülen ýangyç ýetmezçiligi özbegistanly awtoulag sürüjilerini has elýeterli çözgütleri tapmaga mejbur etdi. Olar ulaglaryny benzin bilen däl-de, preslenen gaz bilen, ýagny metan we propan gazlarynyň garyndysy bilen işleýän hereketlendirijileri goýup başladylar.

Bu çözgüdiň oňlarlykly ýeňillikleri bar, üýtgeşik kynçylygy hem ýok. Maşyn ussalary hereketlendirijini çalşyp berýärler. Preslenen gaz benzinden iki esse arzan. Şeýle ýangyjy ulanmagy gadagan edýän hiç hili kanun hem ýok.

Ýöne muny ulanmaklyk howpsuzlyk taýdan käbir töwekgelçilikli ýagdaýy döredýär.

Geçen aýyň dowamynda çap edilen metbugat habarlaryndan çen tutsaň, bir aýyň dowamynda 10 adam ulag partlamasynda heläk bolupdyr. Olaryň üçüsi Daşkendiň merkezi bazaryndaky partlamada ölüpdir.
XS
SM
MD
LG