Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy Berdi Kerbabaýew bilen türkmen teatr sungatynyň düýbini tutanlaryň biri Aman Gulmämmedow arasyndan gyl geçmeýän ýegre dostdy. Berdi aga iş sapary bilen häli-şindi Moskwa gidende Aman aga oňa paýtagtdaky teatrlara baryp, olarda goýulýan spektakllara tomaşa etmegi zynharlaýan eken.
Berdi aga nobatdaky iş saparyndan öwrülip gelenden soňra, olar däbe öwrülen endiklerine eýerip, ýekşenbe güni Aman aganyň öýünde palaw başynda söhbetdeş bolýar. Aman aga:
-Berdi, Moskwada teatra bardyňmy? -diýip soraýar. Ýap-ýaňy ala-ýaz bolup oturan Berdi aganyň bar keýpi zym-zyýat bolýar. Ol gahar bilen:
-Hawa, bardym, Aman! Özem Şekspiriň “Otellosyna” tomaşa etmäge bardym. Niýetim, seň Otellony oýnaýşyň bilen Gyzyl paýtagtly artistleriň Otellony oýnaýşyny deňeşdirmekdi. Aman, seň oýnaýan “Otellaň” tragediýa däl. Hakyky “Otello” tragediýasy Moskwada oýnalýan eken -diýýär. “Otello” spektakylynda oýnaýan Otello obrazyny öz oýnaýan rollarynyň arasynda naýbaşy rol saýýan Aman aga öýkeläp:
-Ol nähili beýle, Otello üçin maňa “SSSR-iň halk artisti” diýen at dakyldy -diýýär. Berdi aga:
-Aman sen Aşgabatda Otellony oýnaňda spektakla tomaşa edip, dynç alýarys. Moskwada-da “Otello” tomaşa etdim. Ol tamamlanandan soňra paltomy almak üçin gardiroba bardym. Moskwaň daşary ýurtlulara haryt satýan dükandan satyn alan gymmat bahaly paltomy ogurlap gidipdirler. Moskwada oýnalýan “Otello” çyn tragediýa eken. Aman, seniň oýnaýan “Otelloňa” tomaşa edip, onuň tragediýa eseridigini aňşarmandyrys -diýipdir.
Ilki arak-şerap
Bir gezek Annaberdi Agabaýew, Hojanepes Meläýew hem-de men, üçümiz SSSR Ýazyjylar birleşiginiň plenumyna (SSSR boýunça geçirilýän ýygnagyna) gatnaşmak üçin Moskwa gitdik. “Moskwa” myhmanhanasynda aýry-aýry otaglarda ýerleşdik. Plenum 2 gün dowam etdi. “Ertir Aşgabada dolanýas” diýen günümiz agşamara Annaberdi bilen Hojanepesiň bolýan otagyna bardyk.
Hojanepesiň Moskwa ýaly uly şäherlere iş sapary bilen gaýdanda dost-ýarlaryna sowgat etmek niýeti bilen, 10-12 köýnek satyn almak häsiýetiniň bardygyna beletdim. Gapydan girenimizde:
-Hojanepes, biziň her birimize bir köýnek sowgat etmeseň, Aşgabada, aeroportuň milisiýasyna jaň edip, “Hojanepes Mele diýen biri alyp-satarlyk, ýagny spekulýasiýa bilen meşgullanýar. Ertir pylan reýs bilen Aşgabada barýar. Onuň el goşlaryny, bagaža tabşyran çemedanyny barlap görüň!” diýerin -diýdim.
Toplap taraşlan Amanmyrat Bugaýew.