Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda 10-dan gowrak hassahana işleýär. Hassahanalaryň ählisi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, ýagny döwlete degişli. Hassahanalara saglygyny bejertmäge we medisina barlaglardan geçmäge baran adamlar köplenç uzyn nobatlara durup garaşmaly bolýarlar. Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar hassahanalarda hödürlenýän hyzmalardan nägiledigini, enjamlaryň we dermanmlaryň ýetmezçilik edýändigini, kä halatlarda diagnozy hem goýup bilmeýändigini aýdýarlar. Sergide Türkmenabat şäherinde ýerleşýän hassahanalaryň käbirlerinden suratlar hödürlenýär.
Türkmenabadyň hassahanalary

1
Onkologiýa merkezinde hassalaryň saklanylýan otagy.

2
Welaýatyň köpugurly hassahanasynyň daşky görnüşi

3
Ýerli ýaşaýjylar Çagalar hassahanasynda binada ýer tapman, howluda garaşmaly bolýarlar

4
Çagasyny barlatmak üçin gelen türkmenistanlylar