Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Çyn dost bolmaly sen öz çyn dostuňa"


Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy.
Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy.
Publisist ýazyjy we şahyr Amanmyrat Bugaýew öz täze goşgularynda tebigat bilen ynsanyň durmuşyndaky parallellikleri çeper poetiki deňeşdirmeler arkaly suratlandyrýar.

Syr

Bu durmuşda basan ýeriň gap-çanak,
Durmuş syrly gala, diwary belent.
Iň bärkisi çoça, tünt düýe näme?
Şoňam sag-soluna bolmaly belet.

Sagyny saýgarman solundan barsaň,
Aýak bulap, depjegine ýok güman.
Älem syry aýamyzda ap-aýdyň,
Özümiz syr, kosmos bolduk bu zaman.

Häkim syr,
Gedaý syr,
Goňşy-golam syr,
Syr sülsady çykmyş adam kasdyna.
Ýalňyz zadyň - çyn dostlugyň syry ýok,
Çyn dost bolmaly sen öz çyn dostuňa.

Eşek ýaryşy

Özge bir güýmenje tapmasa türkmen,
Eşek ýaryşdyrýar çenden, käýarym.
Obaň çeti, garagörnüm daşlykdan,
Ýaryşa goşýarlar eşekleň baryn.

Eşeklerem hil-hil, ýalta, çusy bar,
Bolmayar eşegiň ýüwrük, ýyndamy.
Eşekler çuşlanýar degende dürre,
Gamçy - dürrä zerzaw bolýar endamy.

Eşekleriň biri ozýar ýaryşda,
Baýrak alýar pellehana öň gelen.
Eşek ýaryşynyň öz kadasy bar,
Şöhratlanýar ozan eşege münen.

Biz

Bu bäş günlük pana baky gelen deý,
Niýetimiz uly, pälimiz goçak.
Aladamyz erte, unudýas şu güni,
Her kes hyýalynda bagtyýar geljek.

Şu günki rysgaly şu gün iýýän ýok,
Ony ertä goýup, gezýäs açöze.
Toý lybasy erte üçin aýaýas,
Özümizden özge ýagy ýok bize.

Erte üçin haýdap, orlup, ýadaýas,
Barybir tapýarys biz ertä gurbat.
Dawam ýok, ertire ynam oňat zat,
Nagt undulyp, nesýe ýaşalsa erbet.
XS
SM
MD
LG