Ýaşlar gepleşiginiň nobatdaky sanynda aşakylar barada gürrüň etdik:
- Türkmenistanda açyljak halkara uniwersiteti. Onuň gurluşygy haçan tamamlanar, näçe talyp kabul ediler we uniwersitetde haýsy ugurlar boýunça bilim berler?
- Türkmenistanly ýaşlar nirede bilim almak isleýärler, Türkmenistandamy ýa-da daşary ýurtlarda? Näme üçin? Bu soraglara Orsýetde okaýan Umyda Jumaýewa bilen Rahman we Belarusda okaýan Maksat Arlyýew jogap berdiler.
- Dünýä bankyň ýakynda ýaýradan hasabatynda türkmenistanlylaryň diňe 0.4%-niň bank hasaplarynyň bardygy aýdylýar. Bu görkezijiniň pes bolmagynyň sebäpleri, şeýle-de bankda hasap açdyrmagyň tapgyrlary barada ýerli habarçymyz bilen gürrüň etdik.
- Türkmenistanda tattoo edinýän ýaşlaryň sanynyň köpelýändigi aýdylýar. Eýsem türkmenistanly ýaşlaryň arasynda onuň meşhurlyk gazanmagynyň sebäpleri näme, ýaşulularyň muňa bolan garaýşy nähili? Bu barada hem durup geçdik.