Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda atçylyk ösdürilýärmi ýa şahsyýet kulty?


Ahal-teke atlaryna atlanan ýaşlar. 2010 ý.
Ahal-teke atlaryna atlanan ýaşlar. 2010 ý.
Golaýda Türkmenistanda ahal-teke atlaryna bagyşlanan we üç dilde material çap edýän internet saýty döredildi. Bu saýtda prezident Berdimuhamedowyň atlar baradaky kitaplary, at münüp düşen suratlary esasy orun tutýar.
Ahal-teke atlarynyň nesil daragty.
Ahal-teke atlarynyň nesil daragty.

Bu ýagdaý biziň gürrüňdeş bolan synçylarymyzyň käbirinde ahal-teke atlarynyň kultunyň, belki-de ata duwlanan şahsyýet kultunyň ýokarlanýandygy baradaky aladalary güýçlendiripdir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň garaşsyz ýurt bolmagy türkmen atlaryna ikinji ömri beren ýaly boldy. Ikinji tarapdan, bu döwürde ahal-teke atlarynyň türkmen diplomatiýasynyň bir bölegine öwrülip, daşary ýurt liderlerine sowgat berlip başlanandygyny ýatladýanlar hem bar.

Türkmenistanda häkimiýet çalşyp, G.Berdimuhamedow prezident bolandan soň atçylyga has kän üns berlip başlanandygy aýdylýar. Şonuň bilen bir wagtda, ahal-teke atlarynyň prezidentiň şahsyýet kultuny güýçlendirmegiň bir guralyna aýlanandygyny, bu ýagdaýyň hakykatda atçylyk sungatynyň ösmegine zyýan ýetirýändigini öňe sürýänler hem bar.
Eýsem bu ýagdaýlar barada synçylar näme pikir edýär?

Azatlyk Radiosynyň bu temadan gurnan “Tegelek stol” söhbetdeşligine Aşgabatda ýaşaýan synçylar - syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, Pragada ýaşaýan türkmen žurnalisti Näz Nazar (Näzdürli) gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG