Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

O'Sulliwan: Tetçer örän köp göreşmeli bolupdy


Britaniýanyň öňki premýer-ministri Margaret Tetçer Jon O'Sulliwan we Melissa O'Sulliwan bilen, London, fewral, 2009.
Britaniýanyň öňki premýer-ministri Margaret Tetçer Jon O'Sulliwan we Melissa O'Sulliwan bilen, London, fewral, 2009.
Britan žurnalisti Jon O’Sulliwan 1986-1988-nji ýyllarda Britaniýanyň şol wagtky premýer-ministri Margaret Tetçeriň ýörite geňeşçisi, şeýle-de onuň çykyşlaryny taýýarlaýan kömekçisi bolup işläpdi.

Tetçer hökümet başyndan çekilensoň O’Sulliwan onuň kitaplarynyň üstünde bile işleşen iki sany ýazyjynyň biridi. 1993-nji ýylda Margaret Tetçeriň “Downing Streetdäki ýyllar” we 1995-nji ýylda “Häkimiýet ýoly” atly kitaplary çap bolupdy.

Jon O’Sulliwan öz wagtynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýerine ýetiriji müdiri we wise-prezidenti bolup işledi.

Azatlyk Radiosy Jon O’Sulliwan bilen Margaret Tetçeriň durmuşy we alyp baran işi barada söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron BBC telekompaniýasy bilen söhbetdeşliginde Margaret Tetçeriň ýurdy dolandyrmak bilen çäklenmändigini, onuň öz wagtynda “ýurdy halas edendigini” aýtdy. Tetçer Britaniýany nädip halas etdi?

O’Sulliwan: Ol Britaniýany, esasan, ykdysady taýdan halas edipdi. Ol premýer-ministr wezipesine geçende ýurt “nägilelik gyşyny” başdan geçiripdi. Ýadyňyzda bolsa, şonda Britaniýanyň tutuş giňişliginde protest hökmünde işi taşlamak aksiýalary geçirilipdi. Şonda Liwerpulda heläkçilikli wakalar ýüze çykypdy, Londonyň koçelerini hapa basypdy, işini taşlan lukmanlar garaşyk etmänsoň, keselhanalarda hassalar ejir çekipdi. Bu mysallaryň diňe käbirleridir. Şonda adamlaryň köpüsi Britaniýanyň çöküp barýandygyny duýupdy. Ýurdy halas etmek üçin, dogrudanam, aýgytly hereket edilmelidi.

Londonyň şol wagtky suratlary

Tetçer şonda üç sany çäre görüpdi. Birinjiden, ol profsoýuzlary gözegçiligiň astyna almak üçin kanunlara üýtgetmeleri girizdi. Ikinjiden, ol maliýe pudagynyň işini berk düzgünleşdirdi, ýurduň milli puluny durnuklandyrdy we biznes üçin durnukly maliýe planyny işläp düzdi. Üçünjiden, Tetçer hususylaşdyryş we ykdysady azatlyk ugrundan rewolýusiýany amala aşyrdy. Şoňra bu bütin dünýäde nusga edilip alyndy.

Hususylaşdyryş barada aýdylanda, köpler hut hanym Tetçeriň muny ilkinji bolup Beýik Britaniýada amala aşyrandygyny ýatdan çykarýarlar. Şeýle-de, ol öň hiç haçan mülkdar bolmadyk adamlaryň paýdarlara öwrülmegini we olaryň aýratyn bir gatlagy döretmegini gazandy. Şeýlelikde bu Britaniýanyň jemgyýetinde öwrülişik pursaty bolupdy we on ýylyň dowamynda ýurdy dünýäniň iň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň arasynda dördünji orna çykarypdy.

Azatlyk Radiosy: Tetçer özüne we edýän işine örän ynamly garan adamdy. Ol meşhur çykyşlarynyň birinde “men ylalaşyjy syýasatçy däldirin, men ynama eýerýän syýasatçydyryn” diýipdi. Onuň şeýle garaýyşlaryna nähili şahsy häsiýetleri täsir ýetiripdi?

O’Sulliwan: Tetçer Angliýanyň prowinsiýasynda ulalyp kemala gelipdi. Onuň atasy gök önüm satýan dükançydy. Tetçer munuň özüniň ykdysady garaýyşlaryna täsir ýetirendigini aýdýardy. Gök önüm satýan dükanlarda işläp gören adamlar bilýändir, şeýle dükanlarda satylýan harytlar dünýäniň ähli künjeklerinden gelýär we olaryň nädip getirilýändigi gyzyklanma döredýär. Tetçer öz atasynyň dükanynda işlän döwründäki tejribeleriniň onuň liberal ykdysadyýet barada oýlanyp başlamagy üçin ilkinji itergi bolandygyny aýdýardy.

Elbetde, Tetçer öz teoriýalaryny soňra bilim almak arkaly ösdüripdi. Tetçer protestant dininiň Metodist akymyna degişlidi. Onuň ýaşlygynyň geçen ýerinde hristian dininiň düzgünleri berk berjaý edilýärdi we zähmete uly ähmiýet berilýärdi. Tetçer bu ugurdan örän üstünlikli bolupdy. Teçer tutuş ömrüniň dowamynda dine uýýan adam bolup galdy, emma ol dinçi bolman, dine öz ynançlaryny durmuşa geçirmek arkaly uýýardy.

Onuň iň gowy görýän sitatalarynyň biri Angliýanyň hristian dindary 1703-1791 ýyllarda ýaşan Jon Uesliniň sözleridi. Ol şeýle diýipdi: “Gazanyp bileniňi gazan, saklap bileniňi sakla, berip bileniňi ber” diýipdi. Meniň pikirimçe, Tetçer hut şeýle hristian nesihatyna eýerip ýaşapdy.

Azatlyk Radiosy: Köpler oňa buýsanýardy, emma ony ýigrenýänler hem köpdi. Ol örän gapma-garşylykly bir şahsdy. Oňa özüniň “Tori” partiýasynyň düzüminde hem goldaw gowşapdy. Siz onuň näme üçin halanmaýandygynyň sebäpleri barada oýlandyňyzmy?

O’Sulliwan: Elbetde, Tetçer örän köp göreşmeli bolupdy. Ol ýagdaýa göz ýetirip, göreşýärdi. Ol ýitgi-de çekýärdi. Emma ol özüniň şahsy aýratynlygyny, dogry iş edýändigine ynamyny elden bermeýärdi. Ol örän batyrgaýdy, ol çekeleşikleri we öz hereketlerini delillendirmegi-de gowy görýärdi. Ol öz pozisiýasynyň dogrudygyna ynandyrmagy başarýardy. Şeýlelikde ol ýitgi çekip başlanda bu düýpli psihologik ýitgi bolmandy, bu gündeki durmuşyň netijesi bolupdy we meniň pikirimçe, bu ýagdaý Margaret Tetçeriň peýdasyna bolupdy.

Azatlyk Radiosy: Tetçer ABŞ-nyň öňki prezidenti Ronald Reýganyň gowy dostudy. Ol bir gezek ony “durmuşymda iň ähmiýetli adamlaryň biri” diýip atlandyrypdy. Tetçer ony öz adamsy Dennisden soň iň ýakyn adam hasap edýärdi. Siz bu dostlugyň nädip dörändigi barada ýatlatsaňyz?

O’Sulliwan: Bu dostluk 1975-nji ýylda, Tetçer Konserwatiw partiýasynyň lideri bolanyndan bir-iki hepde geçensoň başlanypdy. Ronald Reýgan şol wagt Londonda bolup, Tetçer bilen duşuşypdy. Bu ýarym sagatlyk duşuşyk hökmünde göz öňünde tutulypdy, emma netijede bir ýarym-iki sagada çekipdi. Olar şonda aragatnaşyk saklamak kararyna geldiler. Şeýdip, dostluga ýol açylypdy.

1981-nji ýylda olaryň syýasy bileleşigi döredi. Tetçer şonda öz ýurdunda uly basyşyň astynda bolupdy. Ol Waşingtona birinji gezek resmi sapar bilen baranda Reýganyň administrasiýasynyň köpçüligi onuň Tetçer bilen arasynda distansiýanyň saklanmagyny isläpdiler. Emma Reýgan muňa boýun bolmandy. Ol Tetçeri uly hormat bilen kabul edipdi. Döwlet protokolynyň çäginden çykýan duşuşyklary geçiripdi we özüniň Tetçer bilen bir ugurdan barýandygyny hem muny dogry ýol, diýip hasap edýändigini köpçülige görkezipdi. Bu Tetçer üçin ajaýyp bir dostlugyň başlangyjy bolupdy, meniň pikirimçe, bu Reýgan üçinem şeýledi.

Emma, bilşiňiz ýaly, olaryň arasynda jedelem köp bolýardy. Olaryň arasynda düýpli gapma-garşylyklaryň bolan pursatlary-da az däldi, ýöne olar muny köpçüligiň ünsünden gizläp saklamaga çalyşýardylar.

Azatlyk Radiosy: Taryhçy Riçard Aldous “Reýgan we Tetçer: Çylşyrymly gatnaşyklar” atly kitabynda bu iki lideriň arasyndaky meşhur dostlugyň belli bir derejede olaryň Ýewropany kommunizmden azat etmek boýunça syýasatlarynyň netijesi bolandygyny ýazýar. Tetçer Reýgana garanda has agressiw hereket etmegiň tarapdarydy, emma olar bütewi bir güýjüň bardygyny Moskwa görkezmek isläpdiler.

O’Sulliwan: Dogry, olar käbir zatlarda ylalaşmaýardylar. Şol wagtda Tetçer käbir zatlarda Reýgandan has agressiwdi, emma tersine-de bolýardy. Meselem, Reýgan Sowet Soýuzyndan Germaniýa tarap gurlan nebit turbasyny böwetlemegiň tarapynda has agressiw çykyş edýärdi. Tetçer bolsa muňa razy bolup bilmejegine düşünýärdi, sebäbi bu gol çekilen şertnamalara ters gelýärdi we köp britan zähmetkeşleriniň iş bilen üpjünçiligine howp salýardy.

Şeýlelikde olaryň garaýyşlarynda aratapawutlar bardy. Folklend urşuna degişli we ABŞ-nyň Grenada goşulyşmagyna degişli gapma-garşylyklaryň bolandygy barada hem bilýäris. Emma şol gapma-garşylyklar özara çözülýärdi. Olar NATO-nyň çäginde bir-birine hiç wagtda garşy durmaýardy. Olar garaşylmadyk ýerden bir-birine goldaw bildirip, köpçüligi haýran galdyrýardy. Günbatar Ýewropada amerikan raketalaryny ýerleşdirmek meselesinde Tetçeriň Reýgana beren goldawy sowuk urşuň tamamlanmagyna getiripdi. Ýagdaýlaryň ählisi hasaba alnanda, gatnaşyklaryň olaryň ikisi üçinem peýdaly bolandygyny görmek mümkin.

Azatlyk Radiosy: Siz soňky birnäçe ýylyň dowamynda Merkezi Aziýada we Ýewropada 1980-nji ýyllarda Tetçere azatlyklary goraýan lider hökmünde garan adamlar bilen işleşdiňiz, şeýlemi?

O’Sulliwan: Margaret Tetçer adamlaryň azatlyklaryny goramak ugurda çempiondy. Meniň bilen söhbetdeş bolan adamlaryň köpüsi Tetçeriň raýdaşlyk bildiren adam bolandygyny, onuň zerurlyk ýüze çykanda dissidentleri goldap çykyş edendigini bellediler. Şol döwürde Britaniýanyň daşary işler ministri Polşa eden saparyny režimiň pidasy bolan Irži Popieluszkonyň mazaryna barmak bilen başlapdy. Bu bolsa Margaret Tetçeriň tabşyrygydy. Tetçer Britan hökümetiniň çäginde Sowet Soýuzynyň tankyt edilmegine we antikommunistik çykyşlara güýçli itergi beripdi.
XS
SM
MD
LG