Makedoniýada ýerli saýlawlar geçirildi, resmiler ses bermäge ýaramly ilatyň 57 prosentiniň saýlawa gatnaşandygyny aýdýarlar.
Etniki makedoniýalylar bilen etniki albanlaryň arasyndaky dartgynlyklara garamazdan, Içeri işler ministrligi ýekşenbe güni bolan ses berişligiň parahatçylykly geçendigini aýtdy.
Emma "Raýat" atly jemgyýetçilik guramasynyň gözegçileriniň žurnalistlere aýtmagyna görä, köp sanly saýlaw bidüzgünçiligine ýol berlipdir.
Bu topar Albaniýanyň aglaba etniki makedonlardan ybarat günorta-günbatar şäheri Resene saýlawçylary getirmek üçin awtobuslaryň ulanylandygyny aýdýar.
Şeýle-de bu topar pukara romalylaryň ýaşaýan käbir ýerlerinde sesleriň pul we azyk paketleri bilen satyn alnandygyny aýtdy.