Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Staliniň terrory netijesinde birleşen iki durmuş


Workuta şäheri
Workuta şäheri
Staliniň GULAG-y ýok edileli bäri ýarym asyrdan gowrak wagt geçen hem bolsa, diktatoryň emri bilen öz dogduk ýerinden jyda düşen adamlar henizem bar.

Anna Krikun we Rasma Stoduh ýaşlykda biri-birine az meňzeşdi. Emma olaryň durmuşlary we ykballary Iosif Staliniň zulumly häkimligi astynda beýleki onlarça million adamyň ykbaly ýaly biri-birine meňzedi.

85 ýaşly Stoduh üçin bu Latwiýanyň paýtagty Rigada başlanypdy. 1946-njy ýylda ol latyş partizanlaryny azyk bilen üpjün edýärdi. Şonda 17 ýaşly Stoduh sowet goşunlaryna garşy göreşýän partizanlara ýardam bermekligi watanperwerlik diýip hasap edýärdi.

Rasma Stoduh
Rasma Stoduh
Emma ol wagtynda gizlenip bilmänsoň, tiz tussag edilipdi. Şondan soň ol öz atasyny we doganlaryny gaýdyp görmändi. Ol watanyna garşy terrorçylykda aýyplanypdy we atuw jezasyna höküm edilipdi.

Stoduh üç aýlap kamerada saklanyp, her gije-gündiz jezanyň ýerine ýetirilmegine garaşyp ýaşapdy. Günleriň birinde oňa çykarylan jeza garaşylmadyk ýagdaýda üýtgedildi. Rasma ölüm jezasyna derek 20 ýyl zähmet lagerine höküm edildi.

Indi bu gün, onlarça ýyl geçensoň, 1947-nji ýylda Workuta barmagy bilen, Stoduh öz durmuşynda uly özgerişligiň bolandygyny gürrüň berdi.

Meniň başdan geçirenlerim bilen deňeşdirilende lager maňa jennet bolup göründi. Bu ýerde saňa geýim berýärler, az-azdan bolsa-da, günüňe üç sapar naharlaýarlar. Emma gyşlar... Iň erbedi we aýylganjy gyşlardy” diýip, Rasma Stoduh aýtdy.

Rasma Stoduh 1931-nji we 1957-nji ýyllar aralygynda Workutanyň zähmet lagerlerinden geçen hasaba alnan iki million adamdan biri. Olardan iki ýüz müňden gowrak adam keselçilikden, agyr zähmetden we arktik howasynyň sowuklygyndan heläk bolupdy.

Duşuşyk

Rasma Stoduh Anna Krikun bilen ilkinji gezek Workutanyň lagerlerinde duşuşdy. Olar birek-biregi gören hem bolsalar, onlarça ýyl geçensoň ýakyndan tanşypdylar.

Asly Krymyň Sewastopol şäherinden bolan Anna Krikun Rasmadan birnäçe ýaş uly.

Annanyň kakasy 1924-nji ýylda bolşewikler tarapyndan atylyp öldürilipdi. 1939-njy ýylda Anna ejesi bilen Oboýan şäherine göçüpdi.

Bu şäher nasistler tarapyndan okkupirlenenden soň Anna Krikun gün görmek üçin german esgerleriniň öňünde çykyş edip, pul gazanýardy. Ýedi aýdan soň şähere giren sowet goşunlary Annany we onuň ejesini tussag edipdi.

Krikun birnäçe hepdeläp ukudan mahrum edilmek ýaly gynamalara sezewar edilensoň, ata watanyna dönüklik etmekde ýöňkelen günäni boýun almaga mejbur bolupdy.

Şu günki gün bu iki zenan Workuta şäherinde hemişelik ýaşaýarlar. Olar öz öýlerinden çykmaýan hem bolsalar, birek-birek bilen telefon arkaly jaňlaşyp, derdini paýlaşyp durýarlar.
XS
SM
MD
LG