Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Workutadan hat: GULAG aýrylsa-da, hyýaly türme galdy


Anna Krikun
Anna Krikun
Anna Krikun saralyp giden kagyzy kynlyk bilen okaýar. Bu kagyzda onuň ýaş zenanka Staliniň iň zalym GULAG lagerleriniň birinde agyr zähmete höküm edilendigi aýdylýar.

90 ýaşly Krikunyň gözleri gowy görmese-de, ähli zat, edil düýnki ýaly, onuň ýadynda. Ol ukudan mahrum etmek bilen gynalyp, watana dönüklik edendigini, Sowet Soýuzynyň garşysyna wagyz edendigini boýnuna goýan derňewçiniň adyny-da ýatdan çykarmandyr.

Krikun 1931-1957-nji ýyllar aralygynda syýasy tussaglar tarapyndan gurlan Workuta şeherine 1946-njy ýylda iberilýär.

Bu şäher şu wagt-da zähmet brigadalarynyň çeken ejiriniň janly şaýady bolup görünýär.

Krikun aradaky şunça ýyllary şu ýerde galyp, şu şäherde geçiripdir.

1957-nji ýylda, tussaglykdan boşadylanda, onuň ejesi hem ýanyna göçüp gelipdir. Krikun öz doguk şäheri Sewastopola dolanyp bilmändir. Ikinji jahan urşunda maşgalanyň öýi dargap, mülk dokumentleri ýitip gidipdir, dost-ýarlardan, dogan-garyndaşlardan diri galan bolmandyr.

Şäherde galanlar

Krikun gidere pul, arabaglanyşyk gurara adam tapman, Workutada galyp, garrapdyr.

"Näme üçin gideýin? Bu ýerde bir zat bolsa, iň azyndan näme etmelidigini bilýärin. Bir täze şähere ýeke özüm barsam, başyma näme geljekdigi belli däl. Men indi kime gerek, garradym" diýip, Krikun gürrüň berýär.

GULAG indi ýok. Krikun ýaly Sowet Soýuzynyň zulum-süteminiň ýokary derejelerine şaýat bolan adamlardan hem diri galanlar köp däl. Indi, aradan ýarym asyr geçensoň, Workuta, başga ýere gidere ýol tapman bu taýda mejbury galan täze nesliň tussaghanasyna öwrülipdir. Bu nesliň aglabasy göçere pul tapman, galmaga mejbur bolandyklaryny, aradan 60 ýyl geçen hem bolsa, Staliniň eksperimentleriniň netijelerinden ejir çekýändiklerini aýdýarlar.

Bularyň köpüsi hem bu ýere meýletin gelipdir.

Wladimir Žaruk 1979-njy ýylda, 17 ýaşyndaka, geljeginden umytly bolup, geolog hökmünde Ukrainadan bu şähere gelipdir. Ýöne ol geleli bäri aradan geçen 34 ýyldan soň-da, yzyna dolanarly görnenok. Ol özüni "demirgazygyň müňlerçe ýesiriniň biri" diýip atlandyrýar.

Žaruk öz durmuşy barada: "Meniň çagalarym indi ulalyşdylar. Men bu ýerden göçüp bilemok, olar-da şeýle. Olar gulçulyga düşmeli bolarlar. Nirede? Magdan känlerinde ýa başga ýerlerde gulçulyk ederler. Bu häkimiýetler üçin bähbitli" diýip gürrüň berýär.

1980-nji ýyllaryň aýaklarynda, Žarugyň häzirki wagtda 24 ýaşly ogly Wadim doglanda, şäheriň ilat sany 217 müň eken. Ol indi 96 müň bolup galypdyr.

"Öli şäher"

1931-nji ýyldan 1957-nji ýyla çenli Sowet Soýuzyndan we başga ýurtlardan bolan 2 million tussag şu ýerde GULAG sistemasyndan geçirilipdir. Ýerli taryhçylar 200 müň syýasy tussagyň hemişelik doňaklykda belli we näbelli ýerlerde jaýlanandygyny aýdýarlar.

Garaňky taryha garamazdan, bu ýerde Sowet Soýuzynyň gaýtadan dikelmegine güýçli küýseg höküm sürýär.

27 ýyllap magdan kärhanalarynda işlän Konstantin Rimenow öz ýolundan, ynamyndan dänmedik stalinçi. Onuň aş öýüniň gapysynda sowet tiranynyň suraty bar.

Rimenow hem şäheriň gelejegine umytly garanok. Ol bu hakda şeýle diýýär: "Hökümet näme diýse-de, olar halky näçe aldasalar-da, şäher indi ölüp barýar. Şäher ölüp barýar, sebäbi olar ne kärhana gurýarlar, ne-de desga, ne magdan käni bar, ne-de şahta. Hiç bir zat ýok. Adamlar hem [indi bu şähere göçüp] gelenoklar".
XS
SM
MD
LG