Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ataý: 'Arzuwyma ýetdim'


Ataý Ömürzakow
Ataý Ömürzakow
Tansy professional derejede öwrenmek üçin amatsyz şertlerde taýýarlyk gören gyrgyzystanly Ataý Ömürzakow geçen ýyl Çehiýada geçirilen bäsleşikde birinjiligi gazanyp, 100 müň ýewro barabar sylaga mynasyp bolupdy.

Şondan bäri bir ýyla golaý wagt geçdi. Eýsem Ataý bu sylag hem şöhratdan nähili peýdalanýar? Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, tansçy bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aradan ep-esli wagt geçdi, bu üstünlik siziň durmuşyňyzda nämeleri üýtgetdi?

Ataý Ömürzakow: Şondan soň özüme bolan ynamym artdy. Onsoň bu meniň arzuwymdy. Men tans edip başlanymdan bäri, özümi Ýewropada, köpçüligiň öňünde, uly sahnada [tomaşaçylaryň] meni alkyşlaýan pursatlaryny göz öňüme getirýärdim.

Bularyň ählisi Çehiýada hakykata öwrüldi. Bu hem meniň üstünlige bolan ynamymyň netijesimika diýýärin. Bu proýektden soň köp zat üýtgedi. Men öz arzuwymy durmuşa geçirdim.

Men Gyrgyzystanda giň göwrümli festiwal gurnadym. Häzir men öz tans mekdebimi açyp bilerin. Şeýle-de men haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanyp bilýärin we häzirki wagtda hem haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanýaryn.

Wideo: Ataý Ömürzakow "robot tansyny" ýerine ýetirýär



Azatlyk Radiosy: Bu bäsleşige gatnaşmazdan ozal şeýle netijä garaşypmydyňyz?

Ataý Ömürzakow: Men has köp tejribe gazanmak üçin bäsleşige gatnaşasym geldi. Men öz güýjüme ynanýardym, bäsleşikde hemme zady başarjagymy hem bilýärdim. Ýöne edil beýle netijä garaşamokdym.

Azatlyk Radiosy: Hawa, bäsleşikde size 100 müň ýewro pul sylagy hem berildi. Siz şu sylagdan nädip, nähili peýdalandyňyz?


Ataý Ömürzakow: Başda hem belläp geçişim ýaly, men arzuwymy durmuşa geçirdim. Gyrgyzystanda giň göwrümli festiwal geçirdim. Öz tans mekdebimi açjak bolýaryn we haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanýaryn diýdiňiz. Haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanmak pikiri nireden döredi?

Ataý Ömürzakow Azatlyk Radiosynyň gyrgyz gullugynda
Ataý Ömürzakow Azatlyk Radiosynyň gyrgyz gullugynda
Ataý Ömürzakow: Men hemişe ýetimler öýündäki çagalaryň özlerini äşgär etmeklerini isledim. Hemişe, öz hünärlerini görkezip, [özlerini] mälim etmeklerini isledim. Men muny hemişe isläpdim. Şu wagt mende mümkinçilik bar. Şonuň üçin hem men munuň bilen meşgullanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Ýetimler öýünde nämeler bilen meşgullanýandygyňyz barada jikme-jik gürrüň beräýseňiz?

Ataý Ömürzakow: Men ýetimler öýünde master klaslary geçirýärin. Ýagny, aram-aram baryp, özüm ýörite tans hereketlerini öwredýärin. Şeýle-de, alty sany güýçli horeograf, ýagny hünärmen tans mugallymlary çagalara tans etmegi öwredýär, sapaklary geçirýärler.

Çagalar ýarym ýylyň dowamynda netije görkezerler. Bu proýektiň soňunda hem ullakan konsert gurnaýarys. Şol konsertde olar özlerini görkezerler. Biz eýýäm üç aý bäri çagalara tans etmegi öwredýäris.

Azatlyk Radiosy: Siz özüňiz tansa nähili başladyňyz? Tansa başlamagyňyza näme sebäp boldy?

Ataý Ömürzakow: Meniň ýüregimde näsazlyklar boldy. Mundan ozal men sportsmendim. Men sport bilen köp meşgullandym. Wagtyň geçmegi bilen hem meniň ýüregimde näsazlyklar emele geldi.

Şondan soň hem sporta gatnap bilmedim. Şol sebäpli hem men öýde tans etmäge başladym. Bir gezek men öz şäherimizde geçirilen festiwalda çykyş etdim. Şonda sahnada çykyş etmek meniň göwnüme örän ýarady. Şondan soň uly sahnalara çykmagy maksat edindim. Men bu maksadyma hem ýetdim öýdýän.

Azatlyk Radiosy: Mundan beýläk nähili planlaryňyz bar?

Ataý Ömürzakow: Men her ýyl Gyrgyzystanda uly festiwal gurnasym gelýär. Şol festiwalyň hem dünýäde meşhur bolmagyny isleýärin. Öz okuwçylarym bilen meşgullanasym gelýär.

Meniň örän gowy tans edýän okuwçylarym bar we olar eýýäm dünýä bellidirler. Olara häzir köp ýurtlardan çakylyklar gelýär. Olar köp ýurtlarda tans edýärler. Men öz wagtymy olara sarp edesim gelýär we has köp okuwçy ýygnasym gelýär.

Azatlyk Radiosy: Siz indiki aý tans mekdebini açmagy planlaşdyrýaryn diýdiňiz. Bu barada giňişräk gürrüň beräýseňiz?

Ataý Ömürzakow: Men tans bilen meşgullanmaga başlanymda, men tans etmegi diňe öýde öwrenýärdim. Mende uly bolmadyk otag we aýna bardy. Mende [tans etmek üçin] gowy şertler ýokdy.

Şol sebäpden hem men köp tans etmeli bolýardym. Meniň pikirmçe, eger çagalarda has köp mümkinçilikler bolsa, olar gysga wagtda has gowy netije gazanarlar. Şu sebäpden hem men öz tans mekdebimi açasym gelýär.
XS
SM
MD
LG