Ak goşgy
Bir mahal bir dana aýdyp geçipdir:
“Müň ädimlik ýolam, tapawudy ýok,
Bary-ýogy bir ädimden başlanýar.
Ýene şol bir ädim bilen gutarýar.
Ýoda-da seniňki, ýolam seniňki,
Isle öňe ýöre, isle gapdala.
Öňüňden kim gelýär – beýle wajyp däl,
Kim yzyňdan ýetip gelýär, şo möhüm.
“Ugur hanjak? – özüňe ber sowaly –
Ýolahyrda saňa näme garaşýar?”
Unutma – ykbala eliň salgasaň,
Garaşyber gurşun ýaly ýumruga.
Unutma – bu galagoply dünýede
Özüňe mynasyp bolmaly bahaň.
Çeýnemän ýuwdarlar süýjüräk bolsaň,
Ajymyň – tüýkürip geçip giderler.
Söýüljegňi bilseň şükür etmeli,
Uruljagňy bilseň pikir etmeli.
Garaz, beýniň işi ýetik bolmaly,
Ýekeje sekundam büdremeli däl.
Togtasa göz açyp-ýumasy salym,
Kepderi deý aşyr atyp gaýdar ol.
Ömürem seniňki, ýolam seniňki,
Ikisinem uzaltjak bol başarsaň...
Aýdyp geçipdir-ä bir dana bir çak:
“Hany bir aýak çek – aýt, ugur hanjak?”
***
Aşgabadyň 6-njy mekdebini tamamlap, galan gysga ömrüni (bary-ýogy 57 ýaşady) Moskwa bilen baglan şahyr, artist hem režissýor Leonid Filatowyň bir goşgusynyň erkin terjimesi.
Ömür, beýle çalt uçma,
Az-kem haýal ädimle.
Gör, il-gün ýaşap ýör-ä
Alňasaman, howlukman.
Men welin uçup geçýän
Köpri, wokzal, aýlawy.
Gulagymda sykylyk –
Tizligiň güýji şeýle...
Ömür, beýle çalt uçma!..
Men eýýäm kyrk ýaşadym.
Çilimleşip galaýyn
Ho duran alkaş bilen.
Maňa däl, o görgülä
Duýgudaşlyk bildiräý.
Eger çakym çak bolsa
Temmäkisem ýokdur şoň!..
Ömür, beýle çalt uçma!..
Wajyp däl zat ýok maňa.
Ine, şäher hem teatr,
Afişany okaýyn.
Yglan edilen spektakly
Goý, hiç haçan görmäýin.
Oňa derek şeýle oýnuň
Bolandygn-a bilerdim!..
Ömür, beýle çalt uçma!..
Mama dişedi ýüzüm.
Yjaza ber – jahany
Ýadymda saklar ýaly.
Belki-de, bagtym çüwüp,
Kimdir-birniň gözlerini
Näçe bolsa – özüm bilen
Doldurmagy başarsam.
Ömür, beýle çalt uçma!..
Bir pursat dyzyň epäý!..
Gowusy jebri-jepa ber.
Türmemi, başga dertmi,
Ýa-da agyr keselmi –
Baryna döz gelerin.
Ýöne beýle çalt uçma!..
Bir mahal bir dana aýdyp geçipdir:
“Müň ädimlik ýolam, tapawudy ýok,
Bary-ýogy bir ädimden başlanýar.
Ýene şol bir ädim bilen gutarýar.
Ýoda-da seniňki, ýolam seniňki,
Isle öňe ýöre, isle gapdala.
Öňüňden kim gelýär – beýle wajyp däl,
Kim yzyňdan ýetip gelýär, şo möhüm.
“Ugur hanjak? – özüňe ber sowaly –
Ýolahyrda saňa näme garaşýar?”
Unutma – ykbala eliň salgasaň,
Garaşyber gurşun ýaly ýumruga.
Unutma – bu galagoply dünýede
Özüňe mynasyp bolmaly bahaň.
Çeýnemän ýuwdarlar süýjüräk bolsaň,
Ajymyň – tüýkürip geçip giderler.
Söýüljegňi bilseň şükür etmeli,
Uruljagňy bilseň pikir etmeli.
Garaz, beýniň işi ýetik bolmaly,
Ýekeje sekundam büdremeli däl.
Togtasa göz açyp-ýumasy salym,
Kepderi deý aşyr atyp gaýdar ol.
Ömürem seniňki, ýolam seniňki,
Ikisinem uzaltjak bol başarsaň...
Aýdyp geçipdir-ä bir dana bir çak:
“Hany bir aýak çek – aýt, ugur hanjak?”
***
Aşgabadyň 6-njy mekdebini tamamlap, galan gysga ömrüni (bary-ýogy 57 ýaşady) Moskwa bilen baglan şahyr, artist hem režissýor Leonid Filatowyň bir goşgusynyň erkin terjimesi.
Ömür, beýle çalt uçma,
Az-kem haýal ädimle.
Gör, il-gün ýaşap ýör-ä
Alňasaman, howlukman.
Men welin uçup geçýän
Köpri, wokzal, aýlawy.
Gulagymda sykylyk –
Tizligiň güýji şeýle...
Ömür, beýle çalt uçma!..
Men eýýäm kyrk ýaşadym.
Çilimleşip galaýyn
Ho duran alkaş bilen.
Maňa däl, o görgülä
Duýgudaşlyk bildiräý.
Eger çakym çak bolsa
Temmäkisem ýokdur şoň!..
Ömür, beýle çalt uçma!..
Wajyp däl zat ýok maňa.
Ine, şäher hem teatr,
Afişany okaýyn.
Yglan edilen spektakly
Goý, hiç haçan görmäýin.
Oňa derek şeýle oýnuň
Bolandygn-a bilerdim!..
Ömür, beýle çalt uçma!..
Mama dişedi ýüzüm.
Yjaza ber – jahany
Ýadymda saklar ýaly.
Belki-de, bagtym çüwüp,
Kimdir-birniň gözlerini
Näçe bolsa – özüm bilen
Doldurmagy başarsam.
Ömür, beýle çalt uçma!..
Bir pursat dyzyň epäý!..
Gowusy jebri-jepa ber.
Türmemi, başga dertmi,
Ýa-da agyr keselmi –
Baryna döz gelerin.
Ýöne beýle çalt uçma!..