Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ilata mugt berilýän zatlaryň bahasy


14-nji ýanwardaky çykyşynda Berdimuhamedow ilatyň döwlet goldawyna mätäç bölegine berýän ünsüni, şol sanda tutuş halk üçin döredilýän ýeňillikleri ýatlatdy.
14-nji ýanwardaky çykyşynda Berdimuhamedow ilatyň döwlet goldawyna mätäç bölegine berýän ünsüni, şol sanda tutuş halk üçin döredilýän ýeňillikleri ýatlatdy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji ýanwarda parlament agzalary bilen duşuşanda “bazar ykdysadyýetine ýuwaş-ýuwaşdan geçilýän şertlerde raýatlarymyzy durmuş taýdan goramak hemişe döwletimiziň üns berýän meselesi bolupdy we bolmagynda hem galar” diýdi.

Şeýle-de, prezident ilatyň döwlet goldawyna mätäç bölegine berýän ünsüni, şol sanda tutuş halk üçin döredilýän ýeňillikleri ýatlatdy.

Deputatlar bilen duşuşykda aýdylan sözlerden çen tutulsa, bazara geçiş şertlerinde ilaty durmuş taýdan goramak syýasaty dowam etdiriljek, bu ugurdaky kanunlar hem kämilleşdiriljek.

Eýsem gaz, tok, suw, nahar duzy ýaly zatlaryň ilata belli bir mukdarda mugt berilmegi, beýleki ýeňillikler bazara geçilýän wagtynda nähili pozitiw ýa negatiw rol oýnaýar? Bu syýasat ýurduň, ilatyň geljegine, umumy ösüşine nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk Radiosynyň şu mesele barada telefon arkaly gurnan söhbetdeşligine Aşgabatdan ýerli synçylar, hukuk öwreniji žurnalist Aşyrguly Baýryýew, syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow, Türkmenistanyň döwlet üpjünçilik edarasynyň ozalky başlygy, häzir Wenada ýaşaýan Nurmuhammet Hanamow gatnaşýar.

Bu “Tegelek stol” gepleşigini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG