Baýdaklar
Her döwletiň iki bolýar baýdagy,
Biri köşgüň altyn gupbasy üste.
Öz-özünden tebil tapyp pasyrdap,
Öz-özünden dowul tapyp pasyrdap.
Gündiziň, gijäniň howuny basa,
Köşk öňi,
Jemendä, ulsa gadagan,
Dym-dyrslyk köçäň howuny basa,
Hemle bilen bakýar belentden pese.
Ikinji baýdagyň ykbaly başga,
Syçan kertip, epin atyp, çyg çekip,
Ýaýmasyz syr kibi pynhanda ýatýar.
Şum günä ýöňkelen ýeke ýigit deý,
Atuwa garaşyp zyndanda ýatýar.
Soň seýle gün gelýär, köçä çykýar il,
Köçä çykýar eplem-büklem pynhan tug.
Aýak asta düşýär köşk üsti baýdak,
Depe üsti çykýar ýer asty baýdak.
...Şol gün bire gelýär baýdagyň sany.
***
Mertlik we ejizlik
Dag degresi, gara daşyň duşunda,
Dere hökümdary laş bolup ýatyr.
Şir zarbyny gören tilki bu hala,
Ynanman, ho-ol ýerde delmuryp otyr.
Iç eljuk,
Açlykdan surnugyp otyr.
Gorky, güman ony garawullaýar,
Irýär tilki läşe garawullykdan.
Läşe agyz urýar, garaw görmeýär.
Gözleri gyzaryp, şir saýyp özün,
Ýer peşäp, laş üste turuzýar gerdi.
Hemsaýa derede awuny atyp,
Şir arlady, bärde tilki jan berdi.
***
Gargaly tymsal
Alla seni çyndan söýensoň, ynsan,
Nije müşgil işi edipdir asan.
Bir mysal:
Müň garga ürküzmek üçin,
Bir daş oklamagy ýeterlik eden.
Şonda-da Taňrydan nadyl sen neçüýn?
Egilip, daş alyp, soň atmak garga
Çatak, çetin iş däl,
Däl ahyry kyn?!
Tersine, bir garga ürküzmek üçin,
Müň kesek atmaly, zyňmaly bolsaň,
Näderdiň sen ynsan?!
Bolýa-da, äý, seň...
Her döwletiň iki bolýar baýdagy,
Biri köşgüň altyn gupbasy üste.
Öz-özünden tebil tapyp pasyrdap,
Öz-özünden dowul tapyp pasyrdap.
Gündiziň, gijäniň howuny basa,
Köşk öňi,
Jemendä, ulsa gadagan,
Dym-dyrslyk köçäň howuny basa,
Hemle bilen bakýar belentden pese.
Ikinji baýdagyň ykbaly başga,
Syçan kertip, epin atyp, çyg çekip,
Ýaýmasyz syr kibi pynhanda ýatýar.
Şum günä ýöňkelen ýeke ýigit deý,
Atuwa garaşyp zyndanda ýatýar.
Soň seýle gün gelýär, köçä çykýar il,
Köçä çykýar eplem-büklem pynhan tug.
Aýak asta düşýär köşk üsti baýdak,
Depe üsti çykýar ýer asty baýdak.
...Şol gün bire gelýär baýdagyň sany.
***
Mertlik we ejizlik
Dag degresi, gara daşyň duşunda,
Dere hökümdary laş bolup ýatyr.
Şir zarbyny gören tilki bu hala,
Ynanman, ho-ol ýerde delmuryp otyr.
Iç eljuk,
Açlykdan surnugyp otyr.
Gorky, güman ony garawullaýar,
Irýär tilki läşe garawullykdan.
Läşe agyz urýar, garaw görmeýär.
Gözleri gyzaryp, şir saýyp özün,
Ýer peşäp, laş üste turuzýar gerdi.
Hemsaýa derede awuny atyp,
Şir arlady, bärde tilki jan berdi.
***
Gargaly tymsal
Alla seni çyndan söýensoň, ynsan,
Nije müşgil işi edipdir asan.
Bir mysal:
Müň garga ürküzmek üçin,
Bir daş oklamagy ýeterlik eden.
Şonda-da Taňrydan nadyl sen neçüýn?
Egilip, daş alyp, soň atmak garga
Çatak, çetin iş däl,
Däl ahyry kyn?!
Tersine, bir garga ürküzmek üçin,
Müň kesek atmaly, zyňmaly bolsaň,
Näderdiň sen ynsan?!
Bolýa-da, äý, seň...