Ol çeper eserleriň gahrymany, onun adyny göterýän uniwersitet hem bar, şeýle-de ol ýurduň içinde özüne bagyşlanan sansyz-sajaksyz muzeýlere hem baryp biler.
Indi bolsa gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň täze artykmaçlygy, ýagny özüniň ýörite şahsy baýramçylygy bar. 2011-nji ýylda Nazarbaýewiň 1991-nji ýylda Gazagystanyň Garaşsyzlyk döwründäki ilkinji prezidentlik saýlawlarynda gazanan ýeňşini bellemek üçin 1-nji dekabr güni “Gazagystan Respublikasynyň ilkinji prezidentiniň güni” diýlip yglan edildi.
Baýramçylyk gününe çenli bir hepdeden gowrak wagt galsa-da, ýurtda eýýäm Gazagystanyň Sowet döwründen soňra ilkinji we ýeke-täk prezidentini şöhratlandyrmak üçin taýýarlyklar alnyp barylýar.
20-nji noýabrda Bilim we ylym ministrligi Nazarbaýewiň şanyna mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdi. Bu bäsleşikde ýetginjek Elbasy Begmat Nazarbaýewiň biografiýasy barada beýlekilerden köp bilýänligi üçin ýeňiş gazandy. Elbaşy diýen at "millet başy" diýen manyny berýär we ol Nazarbaýewiň resmi titulydyr.
Astanada baýrak gowşurmak dabarasyndan soň Begmat Elbasy diýen adyň özüne halkyň lideri "Nazarbaýew ýaly paýhasly syýasatçy" bolup ýetişemgi üçin berlendigini aýtdy. Ol geljekde inžener bolup, "halkymyza Elbasy ýaly hyzmat etjek" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Astana şäheriniň administrasiýasynyň aýtmagynda görä, 1-nji dekabrda paýtagtda dürli çäreler, ýagny sport ýaryşlary, surat çekmeklik, kitap sergileri şeýle hem konsertler geçiriler. Bilim we ylym ministrligi geçirilýän çärelere goşmaça bir hepdäniň dowamynda "Täze dünýäde täze Gazagystan" atly çäreleri geçirjekdigini yglan etdi.
Metbuatda "Nazarbaýewiň hepdeligi" diýip atlandyrylan inisiatiwa noýabryň 29-da başlap, onda Nazarbaýewe bagyşlanan diskussiýalar, ýaşlar forumy, surat we kitap sergileri geçiriler. Agzalýan ministrligiň aýtmagyna görä 51 ýurtdan 1,500 gowrak adam, şol sanda alymlar we syýasatçylar "Daşary syýasatda Gazagystanyň inisiatiwasy" şeýle hem "Gazagystan jemgyýetiniň kämilleşmegi" atly forumlara gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler.
Tankytçylar bolsa Nazarbaýewiň şahsyýet kultuna berilýän ünsüň artýandygyny aýdýarlar. Bu pikir özüni "Millet başy" diýip yglan eden Nazarbaýewiň taryh kitaplarynda ilkinji resmi biografiýasy çap edilenden soň has hem berkedi.
Geçen ýyl Almata şäheriniň parkynda ilkinji prezidentiň ägirt heýkeli dikeldildi. “Ilkinji prezident” – Nazarbaýewiň resmi titullarynyň ýene biridir. Ýurtda onuň adyny göterýän uniwersitetleriň, parklaryň, heýkelleriň, başlangyç mekdepleriň we muzeýleriň sany sanzyz-sajaksyz. Astana şäheriniň güni milli baýramçylyk bolan prezidentiň doglan güni bilen bir günde bellenilýär.
Nazarbaýew häzir 72 ýaşynda, ol awtoritar stilde Sowet döwründen bäri höküm sürýär. Ol öz mandatyny prezidentlik saýlawlarynda dört gezek uzaltdy. Häzire çenli geçirilen saýlawlaryň hiç biri-de saýlawlara gözegçilik edýän günbatar synçylary we guramalary tarapyndan azat we adalatly diýlip ykrar edilmedi.