Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daýahatyn taryhy ýadygärliginiň şu günki ykbaly


Lebap welaýatynda Daýahatyn taryhy ýadygärliginden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Astanababa ýädygärliginiň häzirki görnüşi. Lebap, aprel, 2012.
Lebap welaýatynda Daýahatyn taryhy ýadygärliginden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Astanababa ýädygärliginiň häzirki görnüşi. Lebap, aprel, 2012.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Daýahatyn arhitektura taryhy ýadygärligini gorap saklamak hem abadanlaşdyrmak maksady bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite 70 müň dollar pul grantyny goýberendigini mälim etdi.

Bu habar Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerini hem medeniýetini söýüjilerde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi bu medeni-taryhy ýadygärligi abatlaşdyrmak hem ony gorap saklamak aladalary gaty irräkden bäri dowam edip gelse-de, bu ugurda şu çaka çenli edilen düýpli bir iş bolmandy.

Ylmy edebiýatlarda “Daýahatyn” diýlip atlandyrylýan ol ýadygärlik Merkezi Aziýanyň çäklerinde gowy saklanyp galan gadymy kerwensaraýlaryň biri saýylýar. Bu barada Türkmen Sowet Ensiklopediýasynda we beýleki ylmy edebiýatlarda-da köp maglumatlar bar.

Ýazyjy Hudaýberdi Hallyýew bu ýadygärligiň häzirki durky barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Osman Hallyýew we lebaply ýaşuly Hudaýberdi Gurbanow bilen gürrüňdeş boldy.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin şu ýere basyň:
XS
SM
MD
LG