Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Saparmyrat Nyýazow adyndaky bir ugurly köçesiniň şäheriň merkezi bazary, il arasynda “Gök bazar”diýlip atlandyrylýan bazara golaý ýerlerinde her gün irden sagat 7-den soň ulaglar dyknyşyp ugraýar. Günortana ýakyn bolsa, köçäniň ýaňky böleginden geçip gitmek üçin ýarym sagada golaý wagtyň gidýändigini sürüjiler aýdýarlar.