Haýsysy has erbet: mal ogurlamakmy ýa-da gyz alyp gaçmak?
Gyrgyzystanda mal ogurlan adam 11 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilýär. Ýöne kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy alyp gaçyp, ony durmuşa çykmaga mejbur edeniň garşysyna has ýeňil deslapky derňew işi alnyp barylýar. Soňra-da, häzirki bar bolan kanunçylyga görä, 3 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bu ýagdaý indi görnetin üýtgeýän ýaly. Gyrgyz parlamentinde 17 ýaşa çenli bolan gyzy alyp gaçana berilmeli iň ýokary jezany 10 ýyla çykarjak kanunyň taslamasy kabul edilýär. Şeýlelikde bu adaty adam ogurlygy bilen bagly berilýän jeza bilen deňleşer.
Täze kanunçylyga görä, 17 ýaşdan uly bolan gyzlary we zenanlary alyp gaçanlar 5 ýyl tussaglyga höküm ediler.
18-nji oktýabrda ikinji okalyşdan geçen kanun taslamasy indi üçünji okalyşdan geçmeli we kanun hökmünde kabul edilmegi üçin oňa prezident Almazbek Atambaýew gol goýmaly.
Täze çykarylan hökümler entägem mal ogrusyna berilýän jezadan ýeňil, ýöne şonda-da ony goldaýanlar täze giriziljek kanunçylygyň ägirt uly ösüşdigini belleýärler. Galyberse-de, goldaýanlaryň aýtmagyna görä, bu kanunçylyk aýallaryň hukuklaryny goramagy kämilleşdirmek bilen bir hatarda Gyrgyzystanda giňden ýaýran kämillik ýaşyna ýetmedikleriň durmuş gurmak meselesini düzgünleşdirmäge-de kömek eder.
Banura Abdyýewa zenan hukularyny goraýjy guramanyň ýolbaşçysy. Ol penşenbe güni kanun çykaryjylar taslamany ara alyp maslahatlaşýarka, parlament binasynyň öňünde aktiwistleriň eden ýörişinde Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna şeýle diýdi: “Jenaýat kodeksiniň gyz alyp gacmak baradaky 155-nji maddasy hökmany suratda derhal durmuşa geçirilmeli. Gyz alyp gaçmaklyk şerigatyň kanunlaryna-da, döwletiň kanunlaryna-da ters gelýär. Özüňizden sorap görüň: gyrgyz jemgyýetini näme dolandyrýar?”
Däp-dessur
Kanun çykaryjylar parlament binasyna giren mahaly Abdyýewa we beýleki aktiwistler özüni heläklän 20 ýaşly alnyp gaçylan Yrys Kasymbainiň hatynyň nusgalaryny paýladylar. Yrys Kasymbaini alyp gaçan adam ony özüne durmuşa çykmaga mejbur edipdir we, gyz islemese-de, ony jynsy gatnaşyga zor bilen mejbur edipdir. Şondan soň ol öz-özüni asypdyr.
Kasymbaini alyp gaçanlygy we zorlanlygy üçin Şaimbek Imankulow sentýabr aýynda ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Yssyköl welaýatynda alty ýyl azatlykdan mahrum edilip, türme tussaglygyna höküm edildi. Bu gyz alyp gaçmak bilen baglanyşykly şu wagta çenli berlen iň agyr jeza boldy.
Täze kanunçylyga garşy bolan adamlar ýokarlandyrylan jezalaryň aşa agyrdygyny aýdyp, onuň bilen ylalaşmaýarlar we gyz alyp gaçmagyň gyrgyz däp-dessurlarynda bardygyny belleýärler.
Gyrgyz kazyýetinde her ýyl mal ogurlygy bilen bagly ýüzlerçe diňlenişigik geçirilse-de, gyz alyp gaçanlaryň garşysyna gaty az iş gozgalýar. Netijede alnyp gaçylan gyzlar baran ýerlerine gabalyp, takdyra ten bermeli bolýarlar. Olar maşgalasyndan, jemgyýetden, ýerli kethudalardan basyş görýändikleri üçin kazyýete-de ýüz tutup bilmeýärler.
Alyp gaçmaklyk köplenç ýagdaýda jynsy zorluk ýaly zorlukly jenaýatlar bilen utgaşýar. Bu hem örän seýrek derňelýär.
Anyk maglumat bolmasa-da, zenanlaryň hukuklary boýunça aktiwistleriň çaklamalaryna görä, her ýyl 12.000 sany aýal we gyz alnyp gaçylýar we durmuşa çykmaga mejbur edilýär.
BMG-niň, barlaglara esaslanyp, 2011-nji ýylda goýberen hasabatynda oba ýerlerindäki nikalaryň 80 göterimden gowragynyň gyz alyp gaçmagyň netijesinde gyýylýandygy aýdylýar.
Gyrgyzystandaky gyz alyp gaçmak hadysalary kämillik ýaşyna ýetmediklere nika gyýmak meseleleri bilen hem içgin baglanyşyklydyr. Sebäbi alnyp gaçylýan gyzlaryň köpüsi nika üçin kanuny ýaş bolan 18 ýaşdan kiçidir.
Çagalaryň hukuklary boýunça aktiwist Ýelena Woroninanyň pikirine görä, bu fenomen soňky ýyllarda has hem artypdyr: “Men we kärdeşlerim kämillik ýaşyna ýetmezden öň gyýylýan nikalaryň azalmakdan geçen, gaýta barha beter ýaýbaňlanýandygyny arkaýyn aýdyp bileris. 2006-njy ýylyň statistikasyna görä aýallaryň takmynan 12 göterimi 18 ýaşa ýetmänkä durmuş gurupdyr. Olaryň köpüsi oba ýerlerinde ýaşaýarlar we gurpsuz maşgalalaryň gyzlary. Biziň soňky statistiki maglumatlarymyza görä, oba ýerlerindäki gyzlaryň 14.2 göterimi, şäher ýerlerinde bolsa gyzlaryň 9 göterimi kämillik ýaşyna ýetmezden öň durmuş gurupdyrlar”.
"Yslamda ýok"
Tankytçylaryň aýtmaklaryna görä, ýaş başyndan durmuşa çykmaga mejbur edilen gyzlaryň bilim almaklaryna rugsat berilmeýär we olar zorlukly öý hyzmatçylygynyň pidalary bolýarlar.
Musulman zenanlarynyň hökümete degişli bolmadyk “Matakallim” atly guramasynyň başlygy Jamal Frontbek gyzy, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlar hakda gürrüň gidende, nikanyň başga biriniň däl-de, eýse diňe şol gyzyň öz meýletin islegine görä kanunlaşdyrylyp bilinjekdigini aýdýar: “Irki ýaşlarda durmuşa çykmaklyk gyzyň öz şahsy karary bilen bolup biler. Hiç kim, hatda ene-atalary hem olary mejbur edip bilmez. Gyz kämillik ýaşyndan ozal durmuşa çykmak islän halataynda, ene-ata ony soraga tutup başlaýar. Bu ol gyzyň öz şahsy karary. Men ýene bir gezek gaýtalaýaryn, alyp gaçmaklyk we mejbury nika yslamda ýok zatdyr”.
Alnyp gaçylan gyzlaryň köpüsine dini nika gyýylýar. Emma kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlar hökümet tarapyndan nika şahadatnamasy berlip, hasaba alynmaýar. Bu hem gyzlaryň hukuklaryny çäklendirýär.
Günortada ýerleşýän Batken şäheriniň ýaşaýjysy, 20 ýaşly Alimahan alnyp gaçylanda heniz 16 ýaşynda ekeni. Ol häzir 3 ýaşly çagasy bilen ýeke ýaşaýar. Ol agzalýan meselede öz pikirini şeýle beýan edýär: “Okuwy tamamlan badyma meni obadaş oglanlaň biri alyp gaçdy. 26 gün bile ýaşanymyzdan soň ol Orsýete gitdi. Men onuň ene-atasynyň öýünde galdym we alty aý olar bilen bile ýaşadym. Soňra meniň gaýnenem maňa iňirdäp we meni günäkärläp başlady. Biz aýrylyşdyk we men ol öýi terk etdim. Men çagamy ene-atamyň öýünde dogurdym. Häzir meniň çagam 3 ýaşynda. Men nika şahadatnamasyny almanlygym zerarly öňki adamymyň maşgalasyndan hiç hili kömek alyp bilemok”.
Şu ýylyň başynda gyz alyp gaçmagyň öňüni almagy maksat edinen kanun taslamasy parlamentden geçip bilmedi. Taslama nika şahadatnamasy bolmadyk adamlara nika gyýýan işan-mollalaryň garşysyna jeza çärelerini girizmegi göz öňünde tutýardy.