Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda ‘nusgalyk türmäniň’ gurulýandygy aýdylýar


Umumy illustrasion surat
Umumy illustrasion surat
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda aýallar üçin täze tussaghananyň gurulýanlygy habar berilýär. Londonda ýerleşýän “Uruş we Parahatçylyk maglumatlary institutynyň” habar bermegine görä, aýallar üçin täze türme Daşoguzdan 100 kilometr uzaklykda gurulýar.

Maglumata laýyklykda, bu täze türme kompleksi tussaglar üçin kameralary, olaryň işlemegi üçin tikin fabrigini, 350 adamlyk çagalar bagyny, türmede işleýän adamlaryň çagalary üçin mekdebi, söwda merkezini we dabaraly çäreler üçin zaly öz içine alýar.

Tamamlanyp barýan bu gurluşygy “Doganlar” kompaniýasy amala aşyrýar diýip, “Uruş we Parahatçylyk maglumatlary institutynyň” maglumatynda bellenýär.

Düýbi Gollandiýada ýerleşýän “Türkmenistanyň graždan demokratik bileleşiginiň” müdiri Wýaçeslaw Mämmedowyň pikirine görä, täze türme Türkmenistanyň düzediş sistemasynyň demonstrasion-görkeziş obýektine öwrülmegi we bu ýere halkara gözegçileriniň käbirleriniň goýberilmegi ähtimal diýip, maglumatda aýdylýar.

Şeýle-de täze türmäniň tussaglaryň saklanýan şertleriniň agyrlygy, hapaçylyk we gynamalar sebäpli tankyt edilen Daşoguzdaky aýallar türmesinden uzak bolmadyk ýerde gurulýanlygy bellenýär.

Tussag aýallar üçin täze türmäniň gurluşygy barada Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda habar berlenok. Türmelerdäki ýagdaýlar milli habar serişdeleriniň maglumatlarynda düýpden agzalman gelýär.

Köne türmedäki ýagdaý

Düýbi Moskwada ýerleşýän “Memorial” Daşoguzdaky aýallar koloniýasyndaky ýagdaýa syn edip gelýän guramalaryň biri. Guramanyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýow Daşoguzdaky aýallar koloniýasynyň şu çaka çenli tutuş ýurt boýunça aýallar üçin ýeke-täk tussaghana bolanlygyny belledi.

“Türkmenistanda tussag zenanlar üçin ýeke-täk koloniýa bar. Halkara guramalary bu koloniýadaky ýagdaýlara ençeme sapar aladalanma bildiripdi. Bu koloniýada aýratyn bir statusda öňki ýokary wezipeli zenanlar hem saklanýarlar. Türkmenistanyň ozalky baş prokurory Gurbanbibi Atajanowa hem öz dowründe hut şu koloniýa geçirlipdi. Türkmenistanda sud edilip, tussaglyga höküm edilen zenanlaryň ählisi şu koloniýa iberilýär” diýip, Ponomarýow aýtdy.

Daşoguzdaky aýallar koloniýasyndaky ýagdaýlar soňky ýyllarda ençeme halkara guramalarynyň hasabatlarynda tankyt edilipdi. Hususan-da, Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň bu koloniýa barada çap eden ýörite hasabatynda 40 ýyldan gowrak wagt mundan ozal gurlan koloniýada saklanýan tussaglaryň sanynyň 90-njy ýyllardan bäri yzygiderli artýanlygy habar berlipdi. 1997-nji ýylda tussaglaryň sany 223 bolan bolsa, 2005-nji ýylda olaryň sany 2,400-e ýetdi diýip, hasabatda bellendi.

Daşoguzdaky aýallar türmesinde oturyp çykan zenan kameralarda saklanýan tussaglaryň sanynyň 8-9 adama derek, käte 50 adama ýetýänligini, adynyň tutulmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna habar beripdi.

Şaýatlar aýallaryň ýerde ýatyp-turmaly bolýandyklaryny, tussag kameralarynda wentilýasiýanyň, ýagny howaladyşyň we ýyladyş sistemasynyň kadaly gurulmanlygyny hem habar beripdiler.

Adam hukuklaryny goraýjylar Daşoguzdaky aýallar türmesinde tussag aýallaryň gynamalara we kemsitmelere sezewar edilmegi bilen bagly aladalanma bildirip gelýärler.
XS
SM
MD
LG