Sişenbe güni, 31-nji iýulda 64 kg. çenli boksçylaryň arasynda tükmen atleti Serdar Hudaýberdiýew hindistanly boksçy Manoj Kumar bilen duşuşyp 7-13 hasaby bilen ýeňildi.
Şeýle hem, 31-nji iýulda Olimpiýa oýunlarynda çykyş eden türkmen zenan sportçysy Gülnara Haýytbaýewa ýeňiş gazanyp bilmedi.
Ol Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň çäginde geçirilen 63 kg. çenli aýallaryň arasyndaky dzýudo ýaryşynda azerbaýjanly dzýudoçy Ramila Ýusubowadan ýeňildi.
Häzirlikçe Londonda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna Merkezi Aziýa regionyndan gatnaşýan sportçylaryň arasynda gazagystanly sportsmenleriň çykyşlary iň şowly hasaplanýar.
Düýn, 31-nji iýulda 63 kg. çenli aýallaryň arasyndaky agyr atletika boýunça bäsleşikde gazagystanly sportçy Maýa Maneza altyn medal gazandy.
Ol agramy 135 kilogramlyk ştangany göterip, Olimpiýa rekordyny täzeledi.
Bu üstünligiň netijesinde Gazagystan Olimpiýa oýunlarynda gazanylan medallaryň sany boýunça 6-njy orna ýerleşdirildi.
Bu sanowda birinji orny Hytaý, ikinji orny ABŞ, üçünji orny Fransiýa, dördünji orny Günorta Koreýa we Demirgazyk Koreýa bäşinji orny eýeleýärler.