Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Daglyk-Badahşanda harbylar ýitgi çekýärler


Tajigistan, Daglyk-Badahşan welaýatyndan bir görnüş.
Tajigistan, Daglyk-Badahşan welaýatyndan bir görnüş.
Täjik resmileri Täjigistanyň hökümet goşunlaryndan azyndan 20 harbynyň öldürilenligini we çak bilen 25-siniň ýaralananlygyny aýdýarlar.

Bu harbylar Milli howpsuzlyk gullugynyň generalynyň ölümine jogapkärleri ele salmak boýunça ýurduň gündogarynda geçirilýän ýörite operasiýa gatnaşypdylar.

Interfax we ITAR-TASS agentlikleri, ady agzalmadyk resmilere salgylanyp, adam ýitgileri barada habar berdiler.

Resmileriň aýtmagyna görä, hepdäniň sişenbe güni Daglyk-Badahşan awtonom regionynda dikuçarlaryň ulanylmagynda başlanan operasiýada gozgalaňçylaryň ençemesi öldürilipdir. Şeýle-de ençeme adam, şol sanda 5 owgan raýaty ele salnypdyr.

Resmiler operasiýanyň oppozisiýanyň öňki meýdan komandiri we tajik-owgan serhediniň Pamir daglaryndaky böleginiň Işkoşim serhet toparynyň ýolbaşçysy Tolib Aýombekowy ele salmak üçin geçirilýänligini aýtdylar.

General Nazarowyň öldürilmegi

Täjigistanyň resmileri Aýombekowyň toparyny Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň ýokary derejeli ofiseri Abdullo Nazarowy öldürmekde aýypladylar.

Hepdäniň sişenbe güni Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň bilelikde ýaýradan beýannamasynda bu operasiýa prezidentiň goragynyň, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň we “Alfa” atly ýörite howpsuzlyk toparynyň wekilleriniň gatnaşýanlygy habar berildi.

Ýerli ýaşaýjylar operasiýanyň geçirilýän ýerinden okuň we partlamalaryň sesiniň eşidilenligini aýtdylar. Olaryň sözlerine görä, regionda aragatnaşyk gowşapdyr, şol sanda mobil aragatnaşygynyň we internetiň elýeterliligi çäklenipdir.

Habar berlşine görä, hepdäniň sişenbe güni halkara ynsanperwer guramalarynyň işgärleri has howpsuz ýere göçürilipdir, ýerli ýaşaýjylaryň işe çykmaly däldigi duýdurylypdyr.

56 ýaşly general Nazarow Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň regional bölümine ýolbaşçylyk edipdi. Habar berlşine görä, ol hepdäniň şenbe güni regionyň günorta bölegine sapar edende pyçaklanyp öldürilipdir. Bu wakanyň soňky ýyllarda Täjigistanda ýokary derejeli ofiseriň öldürilmegi bilen bagly ilkinji hadysadygy aýdylýar.

Daglyk-Badahşan regiony

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň, Içeri işler ministrliginiň we Harby prokuraturanyň derňewçileri Nazarowyň öldürilmegini temmäkä degişli bikanun biznes bilen baglanyşdyrýarlar.

Temmäki regionyň ýer önümçiliginiň esasy önümidir. Ony ýerli temmäki fabrikleri we goňşy Gyrgyzystanyň kärhanalary satyn alýarlar. Hepdäniň duşenbe güni ýerli resmiler Nazarowyň öldürilmegine gatnaşanlykda güman edilýän iki adamyň tussag edilenligini habar berdiler.

Daglyk-Badahşan awtonom regiony Täjigistanyň Pamir daglarynda ýerleşýän az ilatly bölegi. Çak bilen 250 müň ilatly bu region Owganystan, Hytaý we Gyrgyzystan bilen serhetde ýerleşýär.

Bu region 1990-njy ýyllarda Täjigistanda bolan graždan urşunyň dowamynda oppozisiýa goldaw beren esasy region bolupdy. Bu regionyň hökümet bilen gatnaşyklarynyň sowuklygyna galýanlygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG