Adam hukuklaryny goraýjy 40-dan gowrak halkara guramasy ÝB-ni adam hukuklaryna hormat goýulmagy ugrunda has netijeli hereket etmäge çagyrdylar. Bu çagyryş ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň kabul edilenine şu aýda 5 ýylyň dolmagyna gabatlandy. Strategiýada ÝB-niň Merkezi Aziýa döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, energiýa, howpsuzlyk we gumanitar ugurlardan gatnaşyklaryny ösdürmek göz öňünde tutulýardy.
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Pýer Morel ÝB-niň regionda “intensiw iş” alyp barýanlygyny aýtdy. Onuň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bellemegine görä, strategiýanyň çäginde, hususan-da, birnäçe proýektler amala aşyrylypdyr, şol sanda regionyň döwletlerinde Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanalary açylypdyr.
Adam hukuklaryny goraýjylar ÝB-niň adam hukuklary meselesine has uly ähmiýet bermeginiň zerurdygyny nygtýarlar. “Türkmen inisiatiwasy” halkara guramalaryň 19-njy iýunda ýaýradan bilelikdäki beýannamasyna gol çeken guramalaryň biri. Guramanyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin ÝB tarapyndan Merkezi Aziýada adam hukuklarynyň ýagdaýyna has uly üns berilmegi üçin jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalarynyň uly täsir ýetirenligini belleýär.
“Ýewropa Bileleşiginiň birinji strategiýasy işlenip düzülende oňa adam hukuklary temasy girizilmändi. Soňra adam hukuklaryny goraýjylaryň tagallalary bilen bu mesele strategiýa girizilipdi. Indi bolsa, biz adam hukuklarynyň rolunyň has-da güýçlendirilmegini talap edýäris” diýip, Tuhbatullin aýdýar.
Hukuk duşuşyklary
Şu günler Ýewropa Parlamentinde strategiýanyň 5 ýyllygy bilen baglylykda ÝB-niň resmileriniň adam hukuklaryny goraýjylar bilen ýörite duşuşyklary geçirilýär. YB-niň Merkezi Aziýada adam hukuklaryna hormat goýulmagyny gazanmak boýunça ädimleriniň şowsuzlygyny Ýewroparlementiň käbir agzalary hem boýun alýarlar.
ÝP-niň litwaly wekili, Parlamentiň Adam hukuklary boyunça komitetiniň agzasy Leonidas Donskisiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol ÝB adam hukuklaryny gowulandyrmak meselesinde Merkezi Aziýa döwletlerine öz talaplaryny has açyk we takyk aýtmaly diýip nygtaýar.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça geljekki 5 ýyl üçin täze strategiýasynda jemgyýetçilik guramalarynyň teklipleriniň hasaba alynmagyna çagyryş edýärler.
Guramalaryň beýannamasynda aýdylyşyna görä, ÝB regionda adam hukuklaryna hormat goýulmagyny gazanmak üçin:
- Meselä ylalaşykly çemeleşmeli;
- Regionyň döwletleri bilen gepleşiklerinde bu meseläni yzygiderli gozgamaly;
- Kemçilikleri açyk aýtmaly;
- Regionyň her bir döwletine degişli takyk talaplaryny öňe sürmeli we regionyň graždan jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary ýola goýmaly;
- ÝB-e agza döwletleriň regionda iş alyp barýan biznes kärhanalaryny adam hukuklary ýaly demokratik gymmatlyklary we korrupsiýa garşy göreşi goldamaga borçly etmeli.