Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat-Bişkek uçar gatnawy gün tertibinde


Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň hökümetleri iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda uçar gatnawyny ýola goýmak barada maslahat edýärler. Bu barada Gyrgyzystanyň premýer-ministri Ömürbek Babanow geçen hepde Bişkekde geçiren metbugat konferensiýasynda habar berdi. Ol geçen aýda Türkmenistanda geçirilen GDA-nyň sammitine gatnaşypdy.

“Şol duşuşyklaryň çäginde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem gepleşikler geçirdim. Biz gyrgyz-türkmen hökümetara komissiýany döretmek, ikinjiden, Gyrgyzystanda Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak barada maslahat etdik” diýip, Gyrgyzystanyň premýeri Babanow aýtdy.

Babanowyň aýtmagyna görä, 2011-nji ýylda 1900 sany gyrgyz maşyny Türkmenistanyň territoriýasy arkaly geçen bolsa, 2012-nji ýylyň ilkinji 3 aýynda 900 sany gyrgyz maşyny Türkmenistan arkaly başga ýurtlara aşypdyr.

“Biziň raýatlarymyz Türkmenistanyň Daşkentdäki ýa-da Astanadaky ilçihanalaryndan wiza almaly bolýarlar. Bu bolsa köp kynçylyk döredýär. Şol sebäpli, men prezident Berdimuhamedowdan Gyrgyzystanda Türkmenistanyň ilçihanasyny ýa-da konsullyk gullugyny açmagyny haýyş etdim” diýip, Babanow aýtdy.

Şeýle-de Gyrgyzystanyň premýer-ministri Ömürbek Babanow paýtagtlarynyň arasynda göni uçar gatnawyny ýola goýmak baradaky meseläniň maslahat edilendigini aýtdy.

Duşuşykda Berdimuhamedow türki dilli ýurtlaryň liderleriniň 23-nji awgustda Bişkekde geçjek sammitine gatnaşjakdygyny hem tassykaldy diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG