Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranyň sudy türkmen alymyny 10 ýyl tussaglyga höküm etdi


Şu geçen ýekşenbe güni Tähranyň sudy eýranly türkmen alymy Omid Kokabini daşary ýurduň bähbidine içalyçylyk edenlikde aýyplap, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Bu barada “Nature” atly hepdelik žurnalyň habarynda aýdylýar.

Maglumata görä, bu sud prosesinde Omid Kokabi bilen birlikde içalyçylykda aýyplanýan ýene 10-dan gowrak adam türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Asly eýranly türkmenlerden bolan fizika ugrundan alym, 29 ýaşly Omid Kokabi soňky wagtlar Birleşen Ştatlaryň Tehas uniwersitetinde aspiranturada okaýardy. Geçen ýylyň fewralynda öz ene-atasyny görmek üçin Birleşen Ştatlardan Eýrana baranda, ol ýurduň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan içalyçylykda aýyplanyp tussag edilipdi.

Onuň ýagdaýyndan habarly çeşmeler Tähranda geçirilen sud prosesinde oňa bildirilýän jenaýat aýyplamalary boýunça suduň degerli delil ýa subutnama hem getirip bilmändigini aýdýarlar. Omid Kokabiniň indi ýokary suda şikaýat etjekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG