Türkmenistanyň üç gezek çempiony bolan “Balkan” toparynyň futbolçylary Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky saýlap-seçiş oýunlaryna gatnaşýarlar. Täjigistanda geçirilýän bu oýunlarda “C” toparynda çykyş edýän Türkmenistanyň “Balkan” topary Täjigistanyň “Ystyklol” we Palestinanyň “Al Amari” toparlary bilen oýnar.
Anna güni Duşenbe şäherinde “Balkan” toparynyň baş treneri Aman Meredow žurnalister üçin metbugat konferensiýasyny berdi.
“Balkan” toparynyň baş treneri Aman Meredow žurnalistleriň sowallaryna jogap bermezden öň täjik kärdeşlerine özlerini gowy garşy alandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, iki topary köp zadyň baglaýandygyny aýtdy.
“Sebäbi, öňki Soýuz döwründe Täjigistanda “Pamir” we Türkmenistanda “Köpetdag” futbol topary bardy. Şol sebäpden men Täjigistanyň Futbol Federasiýasyna bizi gowy garşy alandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin we ähli topara üstünlik arzuw edýärin” diýip, Meredow aýtdy.
Aman Meredow “Balkan” toparynyň Duşenbedäki oýunlara taýýarlygynyň kadalydygyny sözüne goşdy: “Biz taýýarlyk işlerini kadaly hasaplaýarys. Siziň bilşiňiz ýaly, her bir topar öz öňünde uly maksat goýýar. Şonuň üçin-de, wagtyndan öň çaklap oturmalyň”.
Ol geçen ýylky bäsleşikde “Balkan” toparynyň ilki bilen Täjigistanyň “Ystyklol” topary bilen oýnandygyny hem aýtdy: “Meniň pikirimçe, biz olar bilen kadaly oýnadyk. Täjigistanyň futbol topary mydama gowy oýnady. Eger Täjigistanda öňki Soýuz döwründäki futboly ýatlasak, onda “Ystykloly” örän güýçli topar hasaplaýaryn”.
"Ilkinji oýun köp zat berýär"
Meredowyň pikiriçe, bu futbol ýaryşynyň ilkinji tapgyry örän möhüm: “Elbetde, “C” toparyndaky 4 topardan 2-si jemleýji bäsleşikde oýnamalydy. Emma bir topar oýnamakdan boýun gaçyrdy. Elbetde, bu bäsleşikde iň esasy oýun ilkinji tapgyr. Belki, Duşenbä bäsleşmäge gelen beýleki toparlar hem şeýle pikir edýändirler. Ilkinji oýun köp zat berýär”.
Ol “Balkan” toparynyň 1991-nji ýylda esaslandyrylandygyny, öňki adynyň "Nebitçidigini" habar berip, özleriniň “Pamir”, “Köpetdag” toparlaryndan görelde alandyklaryny hem belledi: “Olar başky 3-4 ýylda çempion boldular. Soňra bizem çempion bolmak ugrunda güýçli oýnap başladyk. Biz 2000-nji ýyldan Aziýa oýunlaryna gatnaşyp başladyk. Biziň toparymyz Türkmenistanyň çempiony bolandan soňra, Arkalaşygyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşa hem gatnaşdy”.
Aman Meredow geçen ýyl “Balkan” toparynyň Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň kubogyny almak ugrundaky oýunlara gatnaşandygyny we türkmen ýolbaşçylarynyň öz topary üçin ähli mümkinçiligi döredýändiklerini hem sözüne goşdy.
Şenbe güni Türkmenistanyň “Balkan” topary Palestinanyň “Al Amari” topary bilen bäsleşer. Duşenbe güni Täjigistanyň “Ystyklol” topary Palestinanyň “Al Amary” topary bilen oýnar. Çarşenbe güni bolsa, Türkmenistanyň “Balkan” topary Täjigistanyň “Ystyklol” topary bilen bäsleşer.
Şenbe güni Duşenbe şäherinde başlanýan saýlap-seçiş futbol oýunlarynda birinji we ikinji orny eýelän toparlar Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky jemleýji oýunlara gatnaşarlar.