Aşgabatdan 150 kilometer töweregi uzaklykda ýerleşýän Ýerbent obasynyň bu ýoldan geçýänler we obanyň töwereginde ýaşaýan ilat üçin ähmiýeti uly. Ýolagçylar we töwerekdäki obalaryň ýaşaýjylary Ýerbent obasyndaky benzin guýulýan stansiýada öz awtoulaglarynyň baklaryny benzin bilen doldurýarlar. Ýerbentdäki düşelgeler bolsa gije-gündiz ýolagçylara hyzmat edýär.