Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanuny goraýjy ýolbaşçylar öz wezipelerinde galdyryldy


Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew
Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew
Türkmenistanda 12-nji fewralda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň täze hökümet düzmek işi tamamlanyp barýar.

Türkmen metbugatynda prezidentiň kanun goraýjy edaralara bellän ýolbaşçylary baradaky permany 28-nji fewralda çap edildi. Dokumentden belli bolşuna görä, güýç ulanyjy we kanun goraýjy organlaryň öňki ýolbaşçylary öz ornunda galypdyr.

Türkmen mediasy bu wezipä bellenişigiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 7-nji bölümi boýunça amala aşyrylandygyny, prezidentiň teklibi bilen Mejlisiň ylalaşýandygy barada karar kabul edilendigini habar berýär.

Berdimuhamedow wezipä bellenenleri gutlap, olara Watanyň we türkmen halkynyň öňündäki belent borjuny ýekeje sekund hem unutmazlygy, kanun goraýjy organlaryň işgärleriniň iň ýokary moral-ahlak prinsiplerine bap gelmelidigini, kabul eden kasamlaryna wepaly bolmalydygyny nygtady.

Adam hukuklary

Düýbi Wenada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin kanuny goraýjy edaralaryň öňünde duran wezipelere ünsi çekip, Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:

—Şol organlar kanun goraýjy organlar diýlip atlandyrylýar, olar türkmenistanlylaryň hukuklaryny, Konstitusiýany, kanunlary goramaly. Gynansagam, olar häkimiýeti graždanlardan, graždan jemgyýetinden goraýarlar.

Adam hukuklaryny goraýjynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň kanun goraýjy organlarynyň, hususan-da, MHM-niň öňünde duran çözülmeli esasy meseleleriň biri diňe bir syýasy howpsuzlyk däl, sosial, ekologik problemalar:

Türkmenistanyň kanun goraýjy gurluşlarynyň öňünde duran çözülmeli meseleleriň ýene biri - syýasy tussaglaryň, wyždan ýesirleriniň işine ýaňadan seretmek hem olary azatlyga çykarmak.
Farid Tuhbatullin

—Sosial howpsuzlyk häzir iň wajyp meseleleriň biri. Uly möçberdäki işsizlik bilen bagly mesele çuňlaşdygyça, ahyrky netijede ol ýurtda partlama döredip biler. Postsowet giňişligindäki reňkli rewolýusiýalary, arap ýurtlaryndaky tolgunyyşyklary muňa mysal görkezmek bolar. Türkmenistanda ykdysady ýagdaýyň agyrdygy belli. Türkmenistanyň kanun goraýjy we güýç ulanyjy gurluşlarynyň öňünde duran çözülmeli meseleleriň ýene biri - syýasy tussaglaryň, wyždan ýesirleriniň işine ýaňadan seretmek hem olary azatlyga çykarmak. Ýöne ýörite gulluklar hökümet syýasaty bilen doly ylalaşmadyklary tussag etmek, yzarlamak bilen başagaý. Şol adamlaryň işine ýaňadan seredilmegini, olaryň azatlyga çykarylmagyny türkmen häkimiýetlerinden talap edip gelýäris. Gynansagam, türkmen häkimiýetleri biziň talaplarymyza-da, dünýä jemgyýetçiliginiň talaplaryna-da dymmak bilen jogap berýär.

Türkmenistanyn öz içindäki raýatlar nämelere garaşýar? Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew şeýle diýdi: “Güýç ulanyjy edaranyň ýolbaşçysyndan halkyň umyt edýän zady – bagtyýarlyk zamanada adalat isleýär”.

Berdimuhamedow öňki wezipesine täzeden bellenen ýolbaşçylara üstünlik arzuw etdi.
XS
SM
MD
LG