Ýekşenbe güni, 12-nji fewralda Türkmenistanda soňky 20 ýylyň dowamynda üçülenji gezek prezidentlik saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlarda saýlawçylar resmi hasaba alnan 8 sany dalaşgärden birini saýlamak üçin ses berdiler.
Ýöne köp garaşsyz synçylar we ýerli ýaşaýjylar ikilenji möhlet prezidentlige dalaş eden Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gezek hem gürrüňsiz ýagdaýda prezidentlik kürsüsine eýe boljakdygyny aýdýarlar.
Ses berişlikler ýerli wagt bilen sagat 20:00-da tamamlandy. Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, tutuş ses berişlikleriň dowamynda ýurt boýunça ses bermäge hukukly ilatyň 96.28 prosenti ses beripdir.
Bäş welaýat – bir netije!
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň gutarnykly hasabatyna salgylanylyp berilýän maglumata laýyklykda, Türkmenistanyň bäş welaýatynyň her birinde 96 prosentden sähel gowrak ses berlipdir.
Hususan-da, Türkmenistanyň resmi internet saýtynda Ahal welaýatynda 96.23%, Balkan welaýatynda 96.15%, Daşoguz welaýatynda 96.46%, Lebap welaýatynda 96.43% we Mary welaýatynda-da 96.94% ses berlendigi aýdylýar.
Käbir synçylar welaýatlaryň hemmesinde ses berişligiň şol bir prosenti görkezmegini Türkmenistandaky bu prezidentlik saýlawlarynyň ýörite planlaşdyrylan sahna bounça gurnalandygyny görkezýän bir alamat hökmünde hasiýetlendirýärler.
Türkmenistandaky bu saýlawlara daşary ýurt guramalaryndan dine GDA Bileleşiginiň 60-dan gowrak synçysy gözegçilik etdi. Käbir ses berijiler saýlaw uçastoklarynyň her birinde ýerli synçylaryň oturandyklaryna garamazdan, bir adamyň bir wagtyň özünde ençeme adama derek ses bermegi ýaly wakalaryň-da göze ilendigini habar berdiler.
Ýekşenbe güni geçirilen bu prezidentlik saýlawlarynda dalaşgärleriň alan sesleri baradaky anyk resmi maglumatlar ýakyn wagtlarda yglan ediler diýlip garaşylýar.
Bu saýlawlar Türkmenistanda soňky 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçirilen üçülenji prezidentlik saýlawlarydyr.