Soňky 17 günüň içinde Sankt-Peterburg şäherinde pul üçin özbegistanlynyň öz ýurtdaşyny ogurlandygy bilen bagly iki ýagdaý anyklandy. Hut şu meselede Sankt-Peterburg şäherinde soňky günler “adam ogurlamakda” aýyplanyp, Özbegistanyň bäş sany raýaty tussag edildi.
Bu hakda Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheriniň baş derňew komitetiniň işgäri Sergeý Kapitanow seýle diýdi: “Geçen ýylyň 28-nji dekabryndan şu ýylyn 14-nji ýanwaryna çenli, ýagny 17 günüň içinde şäherimizde özbegiň özbegi ogurlap, pul talap edendigi bilen bagly iki ýagdaý hasaba alyndy. Bu iki waka boýunça Özbegistanyň bäş raýatyna garşy jenaýat işi açyldy”.
14-nji ýanwar güni Sankt-Peterburg şäheriniň polisiýasy adam ogurlamakda aýyplap, Özbegistanyň üç raýatyny: 22 ýaşly Umydjan Permanowy, 26 ýaşly Şahimerdan Tuhtaýewi we 21 ýaşly Şahboz Aşyrowy ele saldy.
Iki waka nähili boldy?
Sergeý Kapitanow bu hakda şeýle diýýär: “Özbegistanyň üç raýaty öz 32 ýaşyndaky ildeşini ogurlap, ony azat etmegiň öwezine 110 müň rubl, ýagny 3600 amerikan dollary möçberinde pul talap edipdir. Üç özbek öz ildeşini ýeňil awtoulaga güýç bilen dykyp, alyp gidip, ony dokuz günüň dowamynda bir ýerde gabap goýupdyrlar”.
6-njy ýanwarda ogurlanan özbegiň inisi agasynyň nämälim adamlar tarapyndan ogurlanandygy hakynda hukuk goraýjy organlara ýüz tutupdyr. Sankt-Peterburgyň derňew bölümi bu ýagdaý bilen bagly 15-nji ýanwarda “adam ogurlamak” maddasy boýunça jenaýat işini gozgapdyr.
Bu wakadan birneme öň, 28-nji dekabrda Sankt-Peterburgda özbegistanly 23 ýaşly Zamir Rahmatow bilen 20 ýaşly Adham Mamaziýoýew adam ogurlamakda we pul talap etmekde günäli bilnip, tussag edildiler. Baş derňew komitetiniň işgäri Sergeý Kapitanowyň aýtmagyna görä, tussag edilen Rahmatow bilen Mamaziýoýew öz ildeşini ogurlap, ony bir aýdan gowrak wagt bir kwartirada gabap goýupdyrlar we onuň garyndaşlaryndan150 müň rubl, ýagny 5000 amerikan dollaryny talap edipdirler.
Ogurlanan 24 ýaşly özbegistanlynyň aýaly ony 2011-nji ýylyň 28-nji dekabrynda pul töläp, halas etmäge razy bolupdyr. Rahmatow bilen Mamaziýoýew wada berlen puly alyp, öz ildeşini azat eden wagtlary, ele salnypdyrlar.
Dürli sebäpleri bar
Bu wakadan habarly, Sankt-Peterburg şäherinde işleýän bir özbek raýaty bu bolan wakany mejbury bolan bir waka hökmünde suratlandyrdy: “Ogurlanan adam gurluşykda brigadir bolup işleýän eken. Ol şol ýigitleri işledip, olaryň puluny bermändir. Soňam gaçyp gidipdir. Iş hakyny alyp bilmänsoňlar, olar şeýle işe ýüz urmaga mejbur bolupdyrlar. Aslynda günä ogurlanan adamyň özünde”.
Häzirki wagtda iki jenaýat işi boýunça hem derňew işleri dowam edýär. Orsýetiň kanunçylygynda beýle jenaýat işi üçin 15 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek göz öňünde tutulýar. Sankt-Peterburgyň derňew bölüminden alnan maglumata görä, bu şäherde Özbegistnyň raýatynyň öz ildeşini ogurlap, pul talap etmegi ýaly waka geçen ýyl hem 2-3 gezek bolupdyr.
Moskwadaky “Memorial” adam hukuklary guramasynyň başlygy Bahrom Hamraýewiň sözlerine görä, özbegiň özbegi pul üçin ogurlamak ýagdaýy Orsýetiň beýleki regionlarynda-da bar.
Bahrom Hamraýew: “Özbegiň özbegi ogurlamak ýagdaýy örän köp. Metbugatda diňe derňewçilere mälim bolan wakalar barada aýdylýar. Emma beýle jenaýatyň açylmadyklary-da az dal” diýip, gürrüň berdi.