Geçen tomus G.Berdimuhamedowyň doglan gününe gabatlanyp gurnalan uly konsertde prezidentiň özi-de eline gitara alyp, “Saňa meniň ak güllerim” atly aýdymy aýdypdy. Gurnalan bu konsert diňe ak güllere bagyşlanan aýdymy bilen däl, eýsem aýdym aýdylýan sahnanyň we sahnadaky bar zatlaryň reňkiniň hem aklygy bilen tapawutlanypdy.
“Saňa meniň ak güllerim” atly aýdymy we aýdymçyny yglan eden alyp baryjy bu aýdymyň sözleriniň we sazynyň Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini yglan edipdi.
Aýdymy ýerine ýetiriji Berdimuhamedowyň geýen köýnegi we jalbary, elindäki gitarasy hemem onuň bagy, ýanyndaky duran sazandalaryň geýen eşikleri, olaryň saz gurallary, saza goşup aýdym aýdýan aýdymçylaryň eşikleri - ählisi ak.
Bu sahna we sahnadaky zatlaryň reňkiniň ak bolmagy ýa-da ak reňkli güller wasp edilip, aýdym aýdylmagy soňky döwürlerde ýurtda ak reňkiň beýleki reňklerden döwlet derejesinde tapawutlandyrylýandygyny görkezýän ilkinji alamat däl.
Özüniň gyzyl reňki bilen dünýä tanalýan türkmen halysynyň ak reňke boýalan nusgasynyň öňünde oturan prezident Berdimuhamedowyň suraty türkmen metbugatynyň her gün diýen ýaly baş sahypasynda çap edilýär.
Türkmenistanyň telekanallarynda görkezilýän Ministerler Kabinetiniň maslahatlary geçirilýän zallarda hem Nyýazow döwründäki gyzyl reňkli gülleriň ak reňkli güller bilen çalyşylandygyny görmek bolýar.
“Aklygyň” hemmä ýetýän täsiri
Şol bir wagtyň özünde-de, soňky döwürlerde ak kepderi, ak at we ak güller ýaly simwolika Türkmenistanyň döwlet eýýeçiligindäki habar beriş serişdelerinde juda köp duş gelýär.
Aşgabadyň ýaşaýjysy Altymyrat ak reňkiň aşa tapawutlandyrylmagynyň häzir onuň maşgalasyna-da täsirini ýetirip başlandygyny aýdýar: “3-nji klasa gatnaýan oglum Ýakup ýakynda mekdepden täze tabşyryk bilen öýe dolandy. Mugallymlary oňa ak egin-eşik tikdirmelidigini aýdypdyrlar. Mugallymlarynyň aýtmagyna görä, ak reňkli eşik çagalara köpçülükleýin çärelere gatnaşdyrylanda gerek bolýarmyş”.
Altymyrat sözüni dowam etdirip, “Ak reňke bolan aşa üns diňe egin-eşikde däl, jemgyýetçilik obýektleriniň gurluşygynda hem örän köp duş gelýär, meselem, ýurtda täze salynýan ýaşaýyş jaýlary, sport desgalary - hemmesi diýen ýaly ak reňkde” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Ak reňk diňe binalarda we döwlet derejesindäki çärelerde ulanylýan reňk bolmak bilenem çäklenmän, döwlet eýýeçiligindäki telekanallarda çykyş edýän adamlaryň geýýän egin-eşiklerinde-de soňky wagtlar aýratyn göze ilýär. Mysal üçin, şu ýylyň birinji ýanwaryndan efire berlip başlanan “Türkmenistan—sport” we “Aşgabat” telekanallarynda çykyş eden ilkinji alypbaryjylaryň geýen eşikleriniň reňki hem aklygy bilen tapawutlandy.
Şeýle-de, ýurtda geçirilýän köpçülükleýin çärelerde hem ak reňkiň agdyklyk etmegine aýratyn üns berilýär. Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, ak reňke bolan üns, esasanam, prezident G.Berdimuhamedowyň geçen ýylky Bedew baýramçylygynda ak ata münüp, egnine ak kepderini gonduranyndan soň, has-da güýç aldy.
Häzirki döwürde köpçülikleýin çärelere gatnaşýan aýdymçylaryň, tansçylaryň köpüsi ak egin-eşikde çykyş edýärler. Laçyn Mamedovanyň “Sen aman bol, Arkadag” atly aýdymynyň “Youtube” saýtynda peýda bolan wedeo-sýužetinde geýen eşigi-de ak.
Ak reňkiň syryny bilýän ýok
Ak reňke näme üçin aýratyn ähmiýet berilýär diýlen soraga döwlet derejesinde jogap berilmeýär. Ak reňke asla aşa köp üns berilýändigi barada-da resmi maglumat ýok.
Emma, prezident Berdimuhamedowy wasp edip, “Ak kepderi” atly poemany ýazan Gözel Şagulyýewa ýakynda telewedniýede eden çykyşlarynyň birinde özüniň ak kepderi atly goşgusyny ýazmak kararyna näme üçin gelenligini şeýle düşündirdi: “Men, umuman, hormatly prezidentimizi şu aklyga, dünýäň ak ýüzüne şygyrda doladym hasaplaýaryn. Hormatly prezidentimiziň ýoluna ak gülleri düşedim hasaplaýaryn”.
Döwlet derejesinde ykrar edilmese-de, käbir medeniýet işgärleri ak reňkiň ýurtda syýasy ideologik propogandanyň bir simwolyna öwrülüp barýandygyny aýdýarlar.
Adynyň agzalmagyny islemedik aşgabatly bir medeniýet işgäri bu barada şeýle diýdi: “Köpçülikleýin çärelere gatnaşýan adamlaryň arasynda ak egin-eşik geýinýänler köpelýär. Döwlet ýolbaşçylary prezidente ak gülleri sowgat berýärler. Prezidenti saparlarda garşy alýan gyzlar hem ony ak reňkli güller bilen garşylaýarlar. Hatda, soňky döwür dokalýan türkmen halylarynyň köpüsinde ak reňk agdyklyk edýär. Garaz, ak reňk syýasy-ideologik propogandanyň simwolyna öwrülip barýar”.
Ak reňke aşa köp üns bermeklikligiň ýa-da, adynyň agzalmagyny islemedik medeniýet işgäriniň sözi bilen aýdylanda, - bu reňki kultlaşdyrmak ideýasynyň kime degişlidigi heniz belli däl. Ýöne, käbir synçylar ak reňki Türkmenistanyň prezidentiniň imiji bilen baglanyşdyrýarlar.
Berdimuhamedowyň ak reňke bolan aýratyn garaýyşy barada halk arasynda hem dürli pikirler bar. Käbirleri prezidentiň ak reňki gowy görmeginiň sebäbini onuň lukmançylyk käri bilen düşündürýärler. Bu baradaky beýleki garaýyş bolsa, halk arasyndaky ak reňke bolan yrym bilen bagly.
Ýazyjy hem edebiýätçy Hudaýberdi Hally türkmençilikde ak reňk bilen bagly yrymyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny aýdýar.
“Türkmenleriniň yrymy boýunça alnyňda ak düýäniň çöküp otyrmagy, ak ata münmek, egniňe ak guşuň gonmagy ýaly zatlar adamyň bagtynyň çüwmegini aňladýar” diýip, ýazyjy hem edebiýatçi Hudayberdi Hally belleýär.
Türkmenistanyň ak reňke boýalmagynyň aňyrsynda nähili matlaplaryň bardygy barada takyk bir zat aýtmak kyn. Emma 3-nji klasa gatnaýan aşgabatly Ýakubyň kakasy Altymyrat welin, bu ýagdaýdan razy däl.
“Onsuzam, mekdebi remont etmek üçinem, köpçülikleýin çärelere baýdajyklary, ak şarjagazlary satyn almak üçinem çagalardan pul ýygnalýar. Indi bolsa, ogluma bahasy azyndan 140 manada durjak ak penjek-balak satyn almaly bolar” diýip, Altymyrat öz nägileligini mälim etdi.