Türkmen metbugaty 12-nji fewralda boljak prezident saýlawlaryna dalaşgärlerden üçünji kandidatyň - “Marygazçykaryş” edarasynyň başlygy Kakageldi Abdyllaýewiň saýlawlaryň öň ýanyndaky programmasyny çap etdi.
Kakageldi Abdyllaýew ýurduň ykdysady kuwwatyny nebit-gaz, mineral resurslar, energetika, himiýa, oba hojalygy ýaly pudaklary ösdürmekde görýär. Şol pudaklardan geljek girdejiler halkyň sosial-durmuş şertini ýokarlandyrmaga, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk, medeni edaralaryň gurluşygyna sarp ediljekdigini aýdýar.
Dalaşgär öz programmasynda Türkmenistan-Hytaý, Türkmenistan-Eýran turbalaryndan akýan gazyň hem demirgazyk ugur bilen Orsýete gidýän gazyň möçberini artdyrmaga ähli mümkinçilikleriň bardygyny, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan proýektini amala aşyrmak ugrundaky işi güýçlendirjekdigini, ýewropa ýurtlaryna türkmen gazyny bermäge mümkinçiligiň bardygyny belleýär.
Kakageldi Abdyllaýew obalary reforma etmegi, adamlaryň öz serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy üçin şert döretmegi esasy wezipeleriň biri diýip hasap edýär. Ýöne dalaşgär ýerleri hususy eýeçilige bermek meselesinden aýlanyp geçýär.
Kakageldi Abdyllaýew saýlawçylara daşary syýasat bilen bagly parahatçylyk söýüji, bitaraplyk syýasatynyň Türkmenistanda dowam etdiriljekdigini wada berýär. Emma ol döwlet gurluşynda reformalar geçirmek, ýurtda halkara derejesindäki demokratik prinsipleri ornaşdyrmak, söz-metbugat hem Konstitusiýanyň kepillendirýän beýleki azatlyklary barasynda hiç hili wada bermeýär.
Şu wagta çenli Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynda resmi hasaba alnan sekiz dalaşgärden üçüsi öz programmasy bilen çykyş etdi. Olaryň birinjisi Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary Rejep Bazarow, ikinjisi Türkmenistanyň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, üçünjisi - “Marygazçykaryş” edarasynyň başlygy Kakageldi Abdyllaýew bolup, Berdimuhamedowdan beýleki dalaşgärleriň çykyşlary telewideniýeden berilmedi.