Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: “Hakykat” hakykaty talap edýär


Aşgabatly iňlis dili mugallymy Aýna Abaýewa şu ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasyna arza bilen ýüz tutandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi we şol arzanyň bir nusgasyny ýollady.

Arzada hökümete degişli bolmadyk “Hakykat” guramasynyň agzasy Aýna Abaýewa Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Orazmyrat Nyýazlyýewden, 2012-nji ýylyň fewral aýynyň 12-sine Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek baradaky kanuna laýyklykda, geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgärlige öz kandidaturasyny hödürlemäge arzasyny kabul etmegini soraýar.

Heniz resmi hasaba alynmadyk “Hakykat” jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Anna Nepesow prezidentlige kandidat bolmak isleýän zenan barasynda şeýle diýdi:

—Abaýewa Aýna iş wagtynda halkyň hak-hukugy üçin özüni görkezen adam. Bilim ministrligine näçe programmalar berdi, teklipler berdi. Bilim ministrligi oňa gulak asmady. Türkmenistanyň bar bilimlerini halkara normalaryna gabat getirmeli diýip näçe teklipler berdi. Şonuň üçinem ony kän gowy görenoklar.

"Registrasiýadan geçmeli"

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynda özüni nähili kabul edendikleri barada Aýna Abaýewa şeýle gürrüň berdi:

—19-njy dekabrda Aşgabatda ýerleşýän Merkezi saýlaw komissiýasyna biziň öz jemgyýetçilik guramamyzdan agzamyzy hödürlemäge gitdik. Emma bize hiç hili mümkinçiligem döretmediler, soragymyza dogry jogabam bermediler. ‘Siziň jemgyýetçilik guramaňyz Adalat ministliginde registrasiýadan geçmändir’ diýdiler”.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasyna jaň edip, “Hakykat” jemgyýetçilik guramasyndan arza bilen ýüz tutulyşyny, arzanyň kabul edilmezliginiň sebäbini sorady. Komissiýanyň işgäri Türkmenistanyň Konstitusiýasy we “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary baradaky” kanun esasynda iş alyp barýandyklaryny, ýüz tutup gelenleri resmi hasaba almaklary üçin Adalat ministrligine ýollandyklaryny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidentligine dalaşgär bolmak isleýän Aýna Abaýewa özünin agza bolup durýan “Hakykat” jemgyýetçilik guramasyny ykrar edilen hasap edýär. Guramasynyň başlygy Anna Nepesow gurama döredileli bäri häkimiýetler bilen dil tapyşmagyň kyndygyny, Arzuw posýologynda edarasynyň bolandygyny, “Hakykat” jemgyýetiniň şol ýerde ýerleşendigini, aprel aýynda şol edara jaýyny ellerinden alandyklaryny gürrüň berdi:

—3-nji aprelde, 2011-nji ýylda Aşgabat häkimligi karar çykaryp däni, şol kararam ýerine ýetirmegi Azatlyk etrabynyň häkimligine tabşyrýarlar. Şol tabşyryk boýunça 3-nji aprelde elimizden aldylar ofisimizi. Dokument boýunça berlen ýerler mydamalyk. Soýuz wagtynda alnan zatlar ol.

Anna Nepesow jemgyýetiň Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek, ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak we başga ugurlar boýunça iş alyp barandygyny aýdýar:

—Meniň näçe patentim bar. Ekonomika tarapdan, daşky gurşawy goramak – ondan patentim bar. Patentleriň esasynda kän proýektler hödürledik. BMG-niň proýektine, Hazar deňziniň ekologiýa programmasyna gatnaşdyk. Emma bu işleri Türkmenistanyň hökümeti ne kabul etdi ony, ne işletdirdiler bizi. Ýöne gadagançylykdan başga işimiz ýok.

Hukuk edaralaryna ýüz tutuldy

“Eger siz “Hakykat” guramaňyzy ykrar edilen jemgyýet hasap edýän bolsaňyz, Türkmenistanyň kanun goraýjy organlaryna Merkezi saýlaw komissiýasyna gowşurmak islän arzaňyz bilen bagly ýüz tutup gördüňizmi?” diýen soraga Aýna Abaýewa şeýle jogap berdi:

—Biz Türkmenistandaky Ýokary kazyýete ýazmaça arza bilen ýüz tutduk. Türkmenistanyň Baş prokuroryna protest bilen ýüzlendik. Işler kanuna laýyk gelenok, bizi goýberenoklar diýip. Emma şu wagta çenli hiç hili jogap gelenok. Hatyňam “aldyk” diýen uwedomleniýe, ýagny tassyklaýjy habar gelenok. Kanuna laýyklykda suda bermeli, sudam üç günüň içinde jogap bermeli. Emma eýýäm näçe gün geçenden soňam, hiç hili jogap ýok. Arzamyzy kabul etmejek bolýarlar.

Türkmen paýtagtyndaky Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň edarasyna-da ýüz tutmak isländikleri barada prezidentlige dalaşgär zenan Aýna Abaýewa Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

—Aşgabatdaky ýerleşýän ÝHHG-niň edarasyna ähli hatlar bilen ýüz tutduk. Emma bizi kabulam etmediler, “Işlänok” diýdiler. “Bu gün işlänok, ertir işlänok”. Şu günlerem bizi gapydaky ohrannikler salmajak bolýar.

40 ýaşlaryndaky iňlis dili mugallymy Aýna Abaýewa jemgyýetçilik guramasyna gatnaşany üçin adamsyny gelip gorkuzyp, işden boşadandyklaryny, maşgalasyny bozandyklaryny aýdýar. Ol iş ýerinde-de gysyşlaryň güýçlüdigini, ýöne häzirlikçe işläp ýörendigini, jemgyýetçilik işi bilen bagly adamysynyň aýrylyşyp gidendigini, üç çagasy bilen galandygyny gürrün berdi.

Aýna Abaýewa “Hakykat” atly jemgyýetçilik guramasynyň adyndan Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlaryna dalaşagär bolmak üçin Merkezi saýlaw komissiýasyna gowşurmak islän arzasy bilen halkara guramalaryň Aşgabatdaky edaralaryna we halkara suduna ýüz tutmakçydygyny mälim etdi.

Häzire çenli saýlawlar üçin prezident wezipesindäki Gurbanguly Berdimuhamedow bilen birlikde jemi sekiz kandidat hasaba alyndy. Beýleki ýedi dalaşgäriň hasaba alynmak prosesinde takyklyk ýok. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy bolsa prezidentlige dalaşgärleri hödürlemegiň 29-njy dekabrda tamamlanandygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG