Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhmedow 2012-nji ýyly kadr çalşygyndan we käýinçden başlady. Ol 6-njy ýanwarda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen hökümet maslahatynda çykyş edip, ýurduň Ýokary kontrol palatasynyň we Baş prokuraturasynyň aýry-aýry ýolbaşçylar tarapyndan goýberilen düýpli kemçilikleriň üstüni açandygyny aýtdy.
Prezident Berdimuhamedowyň şenbe güni çykan gazetlerde çap edilen kararynda aýdylmagyna görä, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Amanaly Hanalyýew “işde goýberen kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy. Hanalyýew bu wezipä bir ýyl çemesi ozal, 2011-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda bellenipdi. “Türkmengazyň” öňki başlygy Nury Muhammedow hem bu wezipeden “işde goýberen kemçilikleri üçin” boşadylypdy. Ýöne türkmen metbugaty ol kemçilikleriň nämelerden ybaratdygyny ýazmandy.
Prezident Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlyklygyna ozal “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy bolup işlän Akmyrat Ýegeläýew belledi. Ýegeläýewiň ýerine bolsa onuň öňki birinji orunbasary Amanaly Gurbanow bellendi.
Täze ýylda “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti hem täze baş redaktoryň goly bilen çykýar. Bu gazetiň öňki baş redaktory Wladimir Gubanowyň ýerine Wiktor Zaýsew bellendi.
6-njy ýanwardaky giňeldilen hökümet maslahatynda ýerli häkimiýetleriň hem birnäçesiniň ýolbaşçysy işinden boşadyldy. Balkanabat şäheriniň häkimi Aşyrberdi Beçikow, Gubadag etrabynyň häkimi Bekmyrat Ödebaýew, Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň häkimi Durdymyrat Akmyradow, Atamyrat etrabynyň häkimi Batyr Osmanow, Köýtendag etrabynyň häkimi Halnazar Taganow dagy işde goýberen kemçilikleri üçin işden aýryldy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi Esenmyrat Orazgeldiýew bilen Lebap welaýatynyň häkimi Ýagşymyrat Ýaýylowa bolsa, sebitdäki işlere kontrollugy gowşadany üçin käýinç berildi.
Ýurduň tebigaty goramak ministri Babageldi Annabaýramowa işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç berildi. Ýöne oňa, beýleki käýinç berlen resmilerden tapawutlylykda, bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmese, işden boşadyljagy hem duýduryldy.
Syýasy endik
Türkmenistanda kadrlara käýinç we işden aýryljagy barada duýduryş bermek, olary çalt-çaltdan çalşyrmak öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda adaty bir zada, belki-de Türkmenistanyň dünýäniň beýleki ýurtlaryndan has tapawutlanýan bir özboluşlylygyna öwrüldi.
Ýerli synçylar milli kadrlara iki onýyllyga golaý geldi-geçer we jogapkärçiliksiz çemeleşilmeginiň ýurtda ullakan kadr ýetmezçiligini emele getirendigini aýdýarlar. Ýurtdaky kadr ýetmezçiligini prezident Berdimuhamedow hem boýun alýar. Ol bu barada 2009-njy ýylyň fewralynda şeýle diýipdi: “Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda alyp barýan özgertmelermizi durmuşa geçirmekde hünärli işgärleriň ýetmezçiligi sebäpli bökdençlikler döreýär”.
Şu sebäpden hem ol Ministrler kabinetiniň işgärlerini täze döredilen döwlet gullugy akademiýasynda hünär derejesini ýokarlandyrmaly etdi. Şeýle-de ýokary hünärli ýolbaşçylary taýýarlap ýetişdirmegi etrap häkimlerini taýýarlamakdan we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan başlamaly diýipdi.
Hukuk meselelerini öwrenýän aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew Berdimuhamedow prezident bolandan soň kadrlary taýýarlamak meselesinde biraz özgerişligiň bolandygy bilen ylalaşýar.
“Käbir özgerişleriň bardygyny inkär edip bolmaz. Şol özgerişler kadrlar syýasatynyň üç ugrunyň birinjisine, ýagny kadrlary taýýarlamaga degişli” diýip, Baýryýew kadrlaryň hünär derejesini ýokarlandyrýan akademiýanyň döredilmegini oňyn edilen iş hökmünde mysal getirýär. Ýöne ol kadrlary saýlap almakda we ýerli-erinde goýmakda känbir ilerleme ýok diýen pikire gol ýapýar.
“Bu iki ugurda haýsydyr bir öňegidişligiň bardygyny nygtamak kyn. Muňa kadrlaryň geldi-geçerliginiň has okgunly bolmagy ýol bermeýär. Dürli derejedäki kadrlar häli-şindi çalşyrylýar, olara uzak işlemäge, täze wezipede tejribe toplamaga mümkinçilik berilmeýär” diýip, Baýryýew aýdýar.
Kanadada ýaşaýan türkmen aktiwisti Muhammet Düýejiniň pikirine görä, Türkmenistanda kadrlaryň ýygy-ýygydan çalşyrylmagy bir tarapdan kadrlaryň taýýarlyk derejesiniň pesligi, giň ýaýran korrupsiýa bilen bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan ýurtdaky awtoritar dolandyryş bilen bagly.
“Meniň pikirimçe, bu diktatorlara mahsus häsiýet. Olar häkimiýeti ýuwaş-ýuwaş ele alanlaryndan soň, özlerine hiç bir bäsdeşiň döremegini islemeýärler. Şol sebäpden hem diktatorlar öz güýçleri ýetýän resmileri çalt-çaltdan çalşyrýarlar, olaryň güýçlenip, garşydaş bolmagyndan ätiýaç edýärler” diýip, Düýeji aýdýar.
Žurnalist Baýryýew “işde goýberen kemiçilikleri üçin” diýen gümürtik kesgitleme bilen işsiz galdyrylan kadrlaryň käbiriniň soň daşary ýurt firmalaryna işe ýerleşip, özüniň nähili arassa, ýokary hünärli we başarnykly işgärdigini subut edýändigini aýdýar. Bu ýagdaý, ýerli synçynyň pikirine görä, hökümetiň kadrlaryň işine baha bermekde adalatsyzlyga ýol berýän bolmagynyň ahmaldygyny aňladýar.