Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: halka ok atan polisiýa işgärleri gözlenýär


Žanaozendäki protestler mahalynda ýaralanan (belki-de ölen) demonstrantyň suraty “YouTube” saýtynda peýda bolupdy.
Žanaozendäki protestler mahalynda ýaralanan (belki-de ölen) demonstrantyň suraty “YouTube” saýtynda peýda bolupdy.
Gazagystanyň Baş prokuraturasy Žanaozen şäherinde halka garşy ok atan polisiýa işgärleriniň garşysyna jenaýat işini gozgady. Ondan öň Žanaozendäki demonstrasiýalarda polisiýa işgärleriniň atan okundan ýaralananlar we ölenler barada wideoýazgy ýaýradylypdy.

Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň metbugat sekretary Nurdöwlet Söýündikowyň penşenbe güni Astanada geçiren metbugat konferensiýasynda aýtmagyna görä, derňewçiler haýsy polisiýa işgäriniň halka ok atandygyny derňeýärler.

16-njy dekabrda Žanaozende bolan gandöküşikli wakalardan bäri polisiýa işgärleri halka ok atmandyklaryny, diňe duýduryş bermek üçin asmana ok atandyklaryny nygtap gelýärler.

8 aýdan bäri Žanaozende iş şertleriniň gowulandyrylmagyny, aýlyklarynyň köpeldilmegini talap edip, närazylyk aksiýalaryny geçirip gelýän nebitçiler bilen polisiýa işgärleriniň arasynda 16-njy dekabrda, ýagny Gazagystanyň garaşsyzlygyny belleýän gününde çaknyşyk boldy. Onda, resmi maglumata görä, 16 adam ölüp, 100-den gowrak adam ýaralandy.

Baş prokuraturanyň wekili Nurdöwlet Söýündikow näçe polisiýa işgäriniň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy we olaryň ady-familiýasy barada anyk maglumat bermedi. Diňe ölenleriň we ýaraly bolanlaryň bedeninden alnan oklaryň barlanýandygyny aýtdy.

Söýündikowyň sözlerine görä, Žanaozende ok degip ölenleriň ölümi sebapli "polisiýa işgärlerini günälemek bolmaýar, olaryň käbirleriniň ölümine polisiýa işgärleriniň hiç hili dahyly ýok". Ol Žanaozen şäherinde baýramçylyk çärelerine okuwçylary getiren mekdep mugallymy Atabergen Dukesenowyň we onuň atasynyň huliganlar tarapyndan öldürilendigini muňa mysal getirdi.

Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Nurdel Dauradza bu iş boýunça Baş prokuraturanyň derňew işlerini alyp barýandygyny we derňew işleri tamamlanýança özleriniň hiç hili maglumat berip bilmejekdiklerini aýtdy.

Geçen hepdede internetde ýaýran wideoýazgyda polisiýa işgärleriniň halka ok atyşy görünýär. Ol wideonyň awtorynyň gije-gündiz yzarlanyp, ony anyklamak boýunça iş alnyp barylýandygy barada Azatlyk Radiosyna maglumatlar gelip gowuşýar.

Penşenbe güni agşam “YouTube” saýtynda peýda bolan wideoýazgyda Žanaozeniň merkezinde ok degip ölüp ýatan ýaş ýigidiň jesedini, onuň ýanynda ýaralanyp gana bulaşyp ýatanlary, ýaralansa-da gaçyp barýanlary, gorkan adamlaryň gykylygyny, olaryň dumly-duşa gaçýandygyny görmek bolýar.
XS
SM
MD
LG