Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentlige dalaşgärlere goldaw ýygnaklary geçirilýär


Ýerli synçylaryň käbiri prezident saýlawlary babatda geçirilýän häzirki çäreleriň 2007-nji ýyldaky çäreler bilen deňeşdirilende biraz tapawutlanýandygyny aýdýar.
Ýerli synçylaryň käbiri prezident saýlawlary babatda geçirilýän häzirki çäreleriň 2007-nji ýyldaky çäreler bilen deňeşdirilende biraz tapawutlanýandygyny aýdýar.
Türkmenistanda geljek ýylyň fewralynda boljak prezident saýlawlaryna taýýarlyk görülýär. Bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka bagyşlanyp guralýan dürli-dürli çäreleriň arasynda prezidentlige dalaşgärlige hödürlenen syýasatçylaryň goldawyna geçirilýän ýygnaklar hem bar. Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty bu ýygnaklary türkmen jemgyýetçiligine mahsus bolan demokratiki ugur hökmünde häsiýetlendirýär.

Türkmenistanda hökümetiň goldawynda geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäreleri, adatça, köp adamly bolýar. Şol bir wagtda bu hili çärelere asla gatnaşmaýan adamlaryň hem bardygy aýdylýar. Eýsem, Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezident saýlawlaryna bagyşlanan ýygnaklara esasan kimler we näme üçin gatnaşýar? Ýa-da bolmasa, bu çärelere gatnaşmaýan adamlar näme üçin şeýle möhüm wakadan çetde durýar?

Saýlaw çärelerine kim gatnaşyp, kim gatnaşmaýar?

Aşgabatda ýaşaýan publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň ynanjyna görä, bu ýygnaklara gatnaşýanlar hakykatda öz ýürekden goldaýan kandidatlaryna goldaw bermek üçin ýygnanan adamlar däl-de, eýsem, döwlet edaralarynda işleýän, ýa-da bolmasa “jemgyýetçilik guramasy” diýlip atlandyrylýan gurama agza bolup durýan adamlar:

—Ýokardan berlen görkezme esasynda ýygnanýarlar, SSSR döwründäki partiýa ýygnagyna gatnaşyşlary ýaly gatnaşýarlar, SSSR döwründe ilkinji partiýa guramasynyň ýokardan hödürlenen adamy şol ilkinji gurama partorg ýa-da komsorg saýlaýyşlary ýalagam saýlaýarlar.

Bugaýew özüniň we özi ýaly pikirlenýän intellegensiýa agzalarynyň köplenç bu hili ýygnaklara gatnaşmaýandygyny aýdýar. Ýurduň has töwerekleýin pikirlenmäge ukyply hasaplanýan döredijilik adamlarynyň arasynda şeýle pozisiýanyň, ýagny ýurduň durmuşyndaky wajyp wakadan çetde durmak endiginiň erjellik bilen saklanyp galmagynyň sebäbi näme? Publisist Bugaýew bu soraga “şeýle syýasy oýna şärik bolasym gelenok, şonuň üçinem gatnaşamok” diýip jogap berdi. Ol özi ýaly pikirlenýän, ýa özünden has çuň, aýdyň pikirlenýän adamlaryň hem bu hili ýygnaklara özüniňki ýaly niýet bilen gatnaşmaýan bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar.

Saýlaw çärelerinde tapawut, üýtgeşme barmy?

Ýerli synçylaryň käbiri prezident saýlawlary babatda geçirilýän häzirki çäreleriň 2007-nji ýyldaky çäreler bilen deňeşdirilende biraz tapawutlanýandygyny aýdýar. Mysal üçin, öňki gezek mejlisler zalyna ýygnanan Halk maslahaty 13 çemesi adamy kandidatlyga görkezip, şolardan 6-synyň prezidentlige dalaşgär bolmak üçin ýeterlik ses alandygyny yglan edipdi. Bu gezek, her hilem bolsa, prezidentlige kandidat hödürlemek ýa olara goldaw bildirmek ýurduň dürli ýerlerinde, dürli kärdäki adamlaryň gatnaşmagynda, halka öňki gezekkä garanda has golaý esaslarda geçirilýär diýip, synçylar belleýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary baradaky kanun 2006-njy ýylyň 26-njy dekabrynda, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow ýogalandan birnäçe gün soň çap edilip, onda prezidentlige kandidatlaryň Halk maslahaty tarapyndan hödürlenýändigi aýdylypdy. Soň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk maslahatyny ýatyrdy. Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary baradaky kanunyň 2011-nji ýylyň iýunynda çap edilen nusgasynda prezidentlige kandidatlaryň syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, inisiatiwa toparlary tarapyndan hödürlenýändigi aýdyldy.

Ýazyjy Bugaýew Türkmenistanda “saýlawlar”, “prezidentlige alternatiw kandidat hödürlemek”, “dalaşgärlere goldaw bildirmek” diýen ýaly sözleriň radio-telewideniýede aýdylmagynyň, gazetlerde ýazylmagynyň hem, kiçijigem bolsa, öňegidişlikdigini aýdýar. Onuň pikiriçe, geçen gezekki saýlawlarda alternatiw kandidatlar 10 prosente golaý ses alan bolsa, bu gezekki görkezijileriň biraz köp bolmagy hem mümkin. Sebäbi ol bu gezek olar barada öňki gezekkä garanda giňräk gerimde gürrüň edilýändigini aýdýar.

Saýlawlarda kimiň ýeňmegine garaşylýar?

Bu tapawutalaryň saýlawlaryň garaşylýan netijelerine ýetirjek täsiri nähili bolar? Ýerli synçylaryň köpüsi bu meselede uly tapawuda asla garaşmaýar. Amanmyrat Bugaýew häzir dalaşgärlige hödürlenýän adamlar hakynda gowy, öwgüli gürrüňler edilýän hem bolsa, saýlawlarda sesleriň 90 prosente golaýyny häzirki prezidentiň aljagyny çaklaýar. Bu pikir bilen tejenli agronom Akmyrat Ataýew hem ylalaşýar:

—Men geljekki prezident saýlawlarynda häzirki prezidentimiz ýeňer diýen pikirde, sebäbi onuň propagandasy ýokary bolar we şol ýeňdi ederler, halkyň parhsyzlygy şoňa elter.

Türkmenistanda prezident saýlawlary her bäş ýyldan geçirilýär.
XS
SM
MD
LG