23-nji dekabrda Moskwanyň aeroportuna baran prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Krasin garşylady. Berdimuhamedow günüň dowamynda Nowo-Ogarýowoda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin we Moskwanyň etegindäki Gorkiý şäherinde prezident Dmitriý Medwedew bilen duşuşyk geçirdi.
Söwda we energiýa
Resmi maglumatlara görä, gepleşikleriň gün tertibinde söwda-ykdysady, ýangyç-energiýa we medeni-gumanitar meslelere garaldy. Gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň soňky ýylda 30% ýokarlananlygy habar berildi.
Söwda gatnaşyklary we ilkinji nobatda gaz söwdasy Berdimuhamedowyň Wladimir Putin bilen gepleşikleriniň esasy temasy boldy. Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin iki ýurduň gaz öndürijiler hökmünde özara umumy bähbitleriniň bardygyny belledi.
Orsýet Türkmenistanyň iri söwda ýaranlarynyň biridir, emma degişli görkezijiler boýunça iň ýokary orunda duranok. Turkmenistan.RU neşiriniň habar bermegine görä, duşuşykda “Türkmenistanyň daşary ykdysady hyzmatdaşlarynyň arasynda Orsýetiň öz liderlik ornuny Hytaýa aldyrandygy” bellenilipdir we bu ugur boýunça perspektiwanyň uludygy agzalypdyr.
Türkmen-ors söwda gatnaşyklarynyň uly bölegini Türkmenistanyň Orsýetiň regionlary bilen alyp barýan göni hyzmatdaşlygy emele getirýär. Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda Orsýetiň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 188 kärhana hasaba alnan we 180-e golaý inwestision proýekt amala aşyrylýar.
Içerki syýasat
Geçirilen gepleşiklerde ýurtlaryň içerki syýasy yagdaýlaryna hem üns berildi. Medwedew Berdimuhamedowyň bu saparynyň hem Orsýetiň, hem Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk görýän pursatyna gabat gelendigini belledi we muny “jogapkärçilikli syýasy döwür” diýip atlandyrdy.
Türkmenistanyň we Orsýetiň ýolbaşçylarynyň arasynda Moskwada geçirilen resmi gepleşikler çäkli düzümde geçirildi. Gepleşiklerde ýurtlaryň arasynda bar bolan özara gapma-garşylykly meseleleriň näderejede maslahat edilenligi habar berilmedi.
Gepleşikleriň dowamynda mashalat edilen ýene bir temalaryň biri hem Merkezi Aziýada howpsuzlyk we bu ugurda hyzmatdaşlyk meselesi boldy diýlip, habar berilýär. Emma haýsydyr bir ugur boýunça şertnama gol çekilendigi barada häzirlikçe maglumat ýok.
Gapma-garşylykly temalar
Soňky aýlarda bu iki ýurduň arasynda birek-biregiň adyna birnäçe resmi çykyşlar edildi we ol hem köpçülikleýin diskussiýalaryň döremegine sebäp boldy. Özara jedelleriň temasy ilkinji nobatda Hazar regionynyň gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurluşygyna, Hazar deňziniň statusyna we regional döwletleriň harbylaşmagyna degişli boldy. Orsýet Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen geljekki energiýa proýektlerine degişli gepleşiklerini aktiwleşdirmegine garşy çykyş edýär.
Ýene bir tema – goşa raýatlyk meselesi. Berdimuhamedowyň Moskwa saparynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi resmi beýannama ýaýradyp, Orsýetiň habar serişdelerini Türkmenistandaky goşa raýatlyk düzgünleri barada galp maglumat bermekde aýyplady.
Iki ýurduň arasynda goşa raýatlyk ylalaşygy 1993-nji ýylda baglaşylyp, 2003-nji ýylda ýatyryldy. Türkmenistanyň iki pasportly raýatlary bolsa hazire çenli dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny gürrüň berýärler.
Türkmenistanyň prezidentiniň 23-nji dekabrda Orsýete eden sapary ors tarapynyň çakylygy bilen geçirildi. Mundan öň Berdimuhamedow Orsýete 2009-njy ýylda sapar edipdi. Türkmenistanyň prezidenti şol ýylyň dowamynda Moskwada iki gezek bolupdy.