Gazagystanyň günbatar welaýaty Mangystauň paýtagty Aktauň merkezinde şu gün, Žanaozen şäherinde iş taşlaýan nebitçi işçileri goldap, ýüzlerçe ýerli ýaşaýjy proteste çykdy. Bu ýerde anna güni işçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan zorlukly çaknyşyklarda azyndan 11 adam öldürilip, pesinden 80 adam ýaralanypdy.
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aktauda eli rezin taýakly we galkandyr ýaragly polisiýanyň merkezi meýdança ýygnanan adamlara gözegçilik edýändigini habar berýär.
17-nji dekabrda Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Žanaozende adatdan daşary ýagdaý düzgünini we komendant sagadyny girizmek barada karar çykardy. Nazarbaýew beýanatynda “bozgaklary” köpçülikleýin bidüzgünçilik guramakda aýyplaýar we polisiýanyň “özlerini we ýerli ýaşaýjylary goramak, tertip-düzgüni saklamak üçin” ot açmaly bolandygyny aýdýar.
Deňhukuklylyk talap edilýär
Žanaozende anna güni bolan çaknyşyklar häkimiýetler şäheriň merkezi meýdançasynda Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny baýram etmäge başlanlaryndan soň başlandy. Nebitçi işçiler bu ýerde maý aýyndan bäri protest bildirýärdiler. Olar aýlyklarynyň köpeldilmegini, özlerine daşary ýurtly işçiler bilen deň hukuk berilmegini, şeýle-de sebitde garaşsyz zähmet bilelişiklerini gurnamaga rugsat berilmegini talap edýärdiler.
Gaharly protestçiler Žanaozeniň merkezi meýdançasyndaky konsert sahnasyna we Täze ýyl arçasyna ot berdiler. Şeýle-de olar şäher administrasiýasynyň binalaryny, bir myhmanhanany, “OzenMunaýGaz” nebit kompaniýasynyň edaralaryny otladylar.
Nazarbaýewiň karary 17-nji dekabrdan 5-nji ýanwara çenli howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilmegini buýurýar. Prezidentiň kararynyň gapdaly bilen ýaýradylan resmi beýanatda Žanaozendäki ýagdaýyň doly kontrol astyndadygy aýdylýar.
Şu aralykda Gazagystanyň baş prokurorynyň edarasy şu gün 17-nji dekabrda “bozgaklaryň” Mangystau sebitiniň Şetpe demirýol stansiýasynda hem polisiýa bilen çaknyşandygyny yglan etdi.
Baş prokuroryň edarasynyň aýtmagyna görä, bu çaknyşykda 25 ýaşly bir erkek öldürilip, 10-dan gowrak adam ýaralanypdyr.
Şaýadyň dilinden
Özüni diňe Baýyržan diýip atlandyran ýerli erkek şenbe güni Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren gürrüňinde ýerli ilatdan toplanan onlarça adamyň, anna güni Žanaozende demonstrasiýaçylaryň oka tutulmagyna protest edip, Şetpe demirýol stansiýasynda Mangyşlak-Aktobe demir ýoluny baglandygyny aýtdy. Şenbe güni agşam sagat 6 töwereginde Şetpä, protestçileri dartgatmak üçin, howpsuzlyk güýçleri gelýär we sagat 8-ler töwereginde çaknyşyk bolýar.
“Demir ýoly baglan protestçiler bu ýeri terk etmekden boýun gaçyransoňlar çaknyşyk başlandy. Kellesinden tüpeňlenen 25 ýaşly erkek öldi. Sekiz adam ýaralandy we ýaralylaryň sany artýar” diýip, Baýyržan şenbe güni aýtdy.
Mangystauň Aktaudaky regional hassahanasynyň baş wraçynyň orunbasary Nuran Mukanow şu gün Azatlyk Radiosyna anna güni gozgalaň başlaly bäri hassahana tüpeň okundan ýaralanan jemi 38 adamyň getirilendigini aýtdy.
Hassahana getirlen ýaralylaryň biri öz ýarasyndan heläk boldy. Mukanow ýogalan adam barada goşmaça maglumat bermekden boýun gaçyrdy.