Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ýagdaýy öwrenýär


Ilçi Ý.Lanerçiç (çepde) we Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow, 17-nji iýun, 2010-njy ýyl.
Ilçi Ý.Lanerçiç (çepde) we Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow, 17-nji iýun, 2010-njy ýyl.
Ýewropanyň saýlawlara gözegçilik edýän esasy edarasy Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasyndaky ýagdaýlary öwrenmek üçin, şu hepde türkmen resmileri bilen gepleşik geçirmäge ýörite toparyň ugradylandygyny habar berýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we Adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory Ýanez Lanerçiç Türkmenistanda geljek ýylyň fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gözegçilik etjek toparyň düzümini we iş çäklerini belli etmek üçin, ýörite Kesgitleýji toparyň Aşgabada sapara ugradylandygyny mälim etdi.

Toparyň maksady

Kesgitleýji toparyň esasy maksadynyň Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ýagdaýlary öwrenmekden ybaratdagyny ÝHHG-niň Demokratik institutlar we Adam hukuklary boýunça edarasynyň metbugat wekili Ýens Eşenbaher Azatlyk Radiosyna aýtdy:

—Kesgitleýji toparyň agzalary türkmen resmileri we saýlawlara degişli beýleki ähli taraplar bilen duşuşyk geçirer. Toparyň esasy maksady saýlawlaryň öňüsyrasyndaky şertleri öwrenmekdir. Şeýle-de bu topar saýlawlara ÝHHG-niň Demokratik institutlar we Adam hukuklary boýunça edarasynyň öz gözegçilerini ugratmagyna zerurlygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny kesgitlär. Eger-de zerurlyk bar bolsa, onda gözegçiligiň nähili çäkde amala aşyrylmalydygy hem belli ediler.

Kesgitleýji topar ýurtdaky ähli degişli taraplar, ýagny syýasy partiýalar, hökümet, oppozisiýa, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, graždan jemgyýetçiligi we beýlekiler bilen gepleşik geçirip, ýagdaýy öwrenýär.
ÝHHG-niň Demokratik institutlar we Adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory Ýanez Lanerçiç saýlawlara gözegçilik etmek üçin, näçe sany we haýsy ugurlar boýunça adamlaryň ugradylmalydygy barada ýörite tassyklanan galybyň ýokdugyny, eýse munuň Kesgitleýji toparyň hasabatyna görä kesgitlenilýändigini sişenbe güni Wilnýusda geçirilen metbugat konferensiýasynyň dowamynda aýtdy:

—Kesgitleýji topar ýurtdaky ähli degişli taraplar, ýagny syýasy partiýalar, hökümet, oppozisiýa, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, graždan jemgyýetçiligi we beýlekiler bilen gepleşik geçirip, ýagdaýy öwrenýär. Bularyň esasynda-da saýlawlara haýsy görnüşde gözegçiligiň amala aşyrylmalydygy barada rekomendasiýalary düzýär.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasyndan alnan maglumata görä, Kesgitleýji toparyň agzalary Türkmenistana şu gün baryp, olar hepdäniň anna güni yzyna dolanarlar. Toparyň hasabatynyň, umuman, sapardan iki-üç hepde geçensoň taýýar bolýandygyny, şeýle-de munuň köpçüligie elýeterli boljakdygyny Eşenbaher Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Heniz ýerine ýetirilmedik wada

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky saýlawlaryň birnäçe dalaşgäriň gatnaşmagynda “hakyky bäsleşik esasynda demokratik, erkin we aç-açanlyk ýörelgelerine laýyklykda” geçiriljekdigini Ministrler Kabinetiniň maslahatynda nygtapdy.

Berdimuhamedow mundan öň prezidentlik saýlawlaryna oppozisiýa wekilleriniň hem gatnaşyp biljekdigi barada dil ýarypdy. Emma häzire çenli onuň bu beren wadasyny ödejek haýsydyr bir çäräniň geçirilendigi barada habar gowşanok.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we Adam hukuklary boýunça edarasy (ODIHR) adam hukuklary, demokratik institutlar, kanunyň üstünligi, şeýle-de ÝHHG-niň düzümine girýän döwletleriň öz üstüne alan beýleki giň gerimli borçnamalary esasynda işleşýär. Emma edaranyň üns berýän iň esasy meseleleriniň biri saýlawlaryň demokratik tertipde geçirilmegine gözegçilik etmekdir.
XS
SM
MD
LG