Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew ABŞ-nyň raketa galkany boýunça duýduryş berdi


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwada beýanat edýär, 23-nji noýabr.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwada beýanat edýär, 23-nji noýabr.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew, eger-de Waşington özüniň göz öňünde tutýan goranyş sistemasy babatynda Moskwanyň aladasyna üns bermese, Orsýetiň raketalarynyň Birleşen Ştatlaryň raketa hüjüminden goranyş sistemalaryna garşy gönükdiriljekdigini duýdurdy. Şeýle-de Medwedew bu meselede özlerine bähbitli ylalaşyga gelinmese, Orsýetiň ABŞ bilen baglaşan Strategik hüjüm ediji ýaraglary çäklendirmek baradaky ozal baglaşylan şertnamadan (New START) çykyp biljekdigini duýdurdy.


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew çarşenbe güni Günbatara ýiti duýduryş berdi. Medwedew, eger-de Birleşen Ştatlar özüniň Ýewropada ýerleşdirmegi planlaşdyrýan raketa hüjüminden goranyş sistemalary boýunça Moskwanyň bildirýän aladalaryna gulak asmasa, onda göz öňünde tutulýan şol sistemalary nyşana almak bilen duýduryş berdi.

Şeýle-de Medwedew, eger Waşington planlaşdyrylýan raketa hüjüminden goranyş sistemasynyň Orsýetiň ýadro arsenalyna zeper ýetirip biljegi baradaky şübheleri aradan aýyrmasa, onda Orsýetiň Strategik hüjüm ediji ýaraglary çäklendirmek baradaky şertnamadan (New START) çykyp biljekdigini aýtdy.

Medwedewiň görkezmesi

Orsýetiň lideri çarşenbe güni telewideniýe arkaly eden beýanatynda şeýle diýdi:

—Men ýurduň harby güýçlerine, eger-de zerurlyk ýüze çyksa, raketa hüjüminden goranyş sistemalarynyň maglumat we dolandyryş serişdelerini ýok etmek barada degişli görkezme berdim.

Eger Amerikanyň galkan planynyň Orsýete howp salmajakdygy barada kanuny deliller getirilmese, beýle ýagdaýda Ýewropa Bileleşigi bilen araçäkde ýerleşýän Kaliningrad şäherinde, şeýle-de ýurduň günortasyndaky we günbataryndaky sebitlerde “Iskander” kysymly raketalaryň hem ýerleşdirilip bilinjekdigini Medwedew öz beýanatynda mälim etdi.

—Olar özleriniň planlarynyň Orsýete garşy gönükdirilmeýändigini aýdýarlar. Olar “Bu size garşy däl, hiç howatyrlanmaň!” diýýärler. Olar bizi köşeşdirjek bolýarlar. Ýöne bu diňe ýerine ýetiriji organ derejesinde edilýän gürrüňler. Käbir ýurtlardaky kanunçykaryjylar bolsa, bize göni “bu size garşy” diýýärler. Haçan-da biz bu meseläni anyk, ikuçsyz, ýurdiki borçnamalaryň üsti bilen kagyz ýüzüne geçirmek baradaky meseläni gozganymyzda, muňa berk garşylyk görkezilýär—diýip, Medwedew belledi.

Göz öňünde tutulýan gorag sistemasy

Birleşen Ştatlar gorag sistemasynyň Eýrandan ýa-da Demirgazyk Koreýadan bolup biläýjek hüjümlere garşy döredilýändigini, munuň Orsýetiň arsenalynyň öňüni almaga tehniki mümkinçiliginiň bolmajakdygyny öňe sürýär.

2020-nji ýyla çenli gurlup gutarylmagy planlaşdyrylýan bu goranyş galkan sistemasy Ýewropanyň dürli künjeklerinde ýerde we suwda ýerleşýän radarlaryň we tutup-alyjy raketalaryň ýerleşdirilmegini we olaryň wagtyň geçmegi bilen kämilleşdirilmegini göz öňünde tutýar.

Waşington eýýäm Rumyniýada 24 raketalary tutup-alyjy sistemany we Türkiýede radiolokasion sistemany ýerleşdirmek boýunça ylalaşdy.

Medwedew öz çykyşynda, eger-de bu mesele boýunça ylalaşykly öňegidişlik bolmasa, onda Moskwanyň ABŞ bilen baglaşan Strategik hüjüm ediji ýaraglary çäklendirmek baradaky şertnamadan hem çykyp biljekdigini aýtdy.

Geçen ýyl ylalaşylan bu şertnamanyň çäginde taraplar özleriniň ýadro arsenallarynyň üçden birine golaýyny kemeltmeli.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner planlaşdyrylan raketa hüjüminden goranyş sistemasynyň Orsýetiň arsenalyna zeperiň ýetmejekdigini aýtdy. Şeýle-de, Toneriň bellemegine görä, Birleşen Ştatlar “Strategik hüjüm ediji ýaraglary çäklendirmek baradaky şertnamadan çykar ýaly howpa esas görmeýändigini” aýtdy.

Ak Tamyň Howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Tommi Wietoryň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, “Birleşen Ştatlar öz raketa hüjüminden goranyş planyny kemeltmez we oňa hiç hili üýtgetmeleri girizmez”.
XS
SM
MD
LG