22-nji noýabr güni Orsýetiň raýaty Wladimir Sadowniçiniň we estoniýaly Alekseý Rudenkonyň işine gaýtadan sereden Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň kollegiýa sudy welaýatyň prokuraturasynyň talabyna görä, amnistiýany goldap, iki rus pilotyny suduň zalyndan azatlyga goýberdi.
Sişenbe güni irden Hatlon welaýatynyň sudunda söz alan welaýat prokuraturasynyň wekili Talibjon Azimow Orsýetiň raýaty Sadowniçiniň we onuň kärdeşi Rudenkonyň suduň zalyndan azatlyga goýberilmegini sorady:
—Biz bu iki uçujynyň günäli ýa-da günäsizdigi barada hiç zat aýtmarys. Emma Hatlon welaýat sudundan, onuň ilkinji instansiýasyndaky kabul eden hökümini üýtgedip, günäkärleriň birinji gezek suda çekilýändiklerini nazara alyp, jezany ýeňilleşdirmegi soraýarys. Ýagny, pilotlaryň her biriniň 2 ýyl 6 aý 14 güne çenli azatlykdan mahrum edilmegini hem-de 4 ýyla çenli uçmak hukugyndan mahrum edilmegini soraýarys. Şeýle-de Täjigistanda kabul edilen “amnistiýa dogrusyndaky” kanunyň talabyna görä, olaryň jeza möhleti 2 ýyla gysgaldylyp, olaryň derňew izolýatorynda 6 aý artykmaç oturandygy hasaba alnyp, suduň zalyndan azatlyga goýberilmeli.
Höküm okalandan soň, Azatlyk Radiosyna interwýu beren prokuroryň orunbasary Talibjon Azimow “Rolkan” şirketiniň baş direktory Sergeý Polýanowyň garşysyna açylan jenaýat işiniň dowam etdiriljekdigini mälim etdi.
Hatlon welaýatyndaky sud prosesine gatnaşan Orsýetiň Duşenbedäki ilçihanasynyň wekili Dimitriý Kabaýew pilotlara kanagatlanarly hökümiň çykarylandygyny belledi.
Gorgandepe şäher sudunyň kararyna görä, “Rolkan” kompaniýasyna degişli we Sadowniçiý bilen Rudenkonyň gonduran AN-72 kysymly iki uçary Täjigistanyň peýdasyna geçirilipdi, ýagny konfiskasiýa edilipdi. Şäher sudunyň bu karary welaýat sudy tarapyndan üýtgewsiz galdyryldy.
Tussaglykdan çykan Wladimir Sadowniçiý azatlyga goýberilenine begenýändigini aýtdy:
—Azatlyga çykanyma begenýärin. Emma biz baradaky Gorgandepede şäher sudunyň çykaran hökümi üýtgedilse-de, umuman, azat edilmändigimize gynanýaryn. Çünki bizde hiç hili günä ýok.
Wladimir Sadowniçiý täjigistanly zähmet migrantlarynyň Orsýetden çykarylýandygyna alada bildirip: “Eger-de bu çäreler biziň işimiz bilen bagly bolsa, we Orsýetiň hökümeti bu işleri ýörite edýän bolsa, men resmileri beýle ýoldan gaýtmaga çagyrýaryn” diýdi.
Martda tussag edilipdiler
“Rolkan” şirketiniň pilotlary orsýetli Wladimir Sadowniçiý we estoniýaly Alekseý Rudenko üstümizdäki ýylyň 12-nji martynda serhetden bikanun geçenlikde, kontrabandada we halkara uçuş çäklerini bozmakda aýyplanyp, Gorgandepe şäheriniň howpsuzlyk işgärleri tarapynda tussag edilipdi.
8-nji noýabr güni Gorgandepe sudy rus pilotlarynyň her birini 8,5 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Kreml resmi Duşenbeden Sadowniçiý we Rudenko çykarylan hökümi ýatyryp, olary çalt azatlyga goýbermegi talap etdi. Emma täjik tarapy Moskwanyň talabyny äsgermedi. Bu arada bolsa ýüzläp täjik migrantlary Orsýetiň territoriýasyndan çykaryldy.
Synçylar orsýetli zähmet migrantlarynyň Orsýetden kowulmagynyň rus pilotlarynyň Gorgandepede tussag edilmegi bilen baglydygyny aýdýarlar.
Pilotlar azatlyga goýberildi. Indi Orsýet zähmet migrantlaryna edýän basyşyny peceldermi? Garaşsyz analitik Rahmatullo Zairow bu barada şeýle diýdi:
—Zähmet migrantlary bilen bagly mesele bireýýäm syýasylaşdy. Bu waka Orsýet bilen Täjigistanyň gatnaşyklaryny kanunlaryň däl-de, eýse syýasatyň çözýändigini görkezdi. Ýagny, kim güýçli we kim nähili täsir edip bilýär? Şu zat aýdyň boldy.
Şol bir wagtda-da pilotlaryň azat edilmeginiň Orsýet bilen Täjigistanyň arasyndaky häzirki dartgynly ýagdaýy ýumşatmagy mümkin diýýän analitikler hem bar.