Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak türkmenleri halkara hemaýata we goldawa mätäç


Yragyň türkmen jemgyýetiniň başlygy Arşad Salihi: "Türkmenistandaky doganlaryma ýüzlenýärin, Yrakda, Kerkukda siziň ganybir garyndaşlaryňyz, türkmen doganlaryňyz bar".
Yragyň türkmen jemgyýetiniň başlygy Arşad Salihi: "Türkmenistandaky doganlaryma ýüzlenýärin, Yrakda, Kerkukda siziň ganybir garyndaşlaryňyz, türkmen doganlaryňyz bar".

Yragyň türkmen jemgyýeti soňky döwürde özlerine garşy hüjümleriň ýaýbaňlanmagyna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip, bu ýagdaýlary derňemäge çagyrdy.


Yragyň Kerkuk şäherinde soňky döwürde etniki türkmenlere garşy amala aşyrylan hüjümleriň aňyrsynda kimiň durandygyny anyklanmagyny hem-de özleriniň goralmagyny sorap, türkmen jemgyýeti beýannama ýaýratdy.

Yrakdaky türkmen jemgyýetiniň başlygy we Yrakdaky türkmenleriň wekili Arşad Salihi Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beýanat we şeýle beýanaty ýaýratmagyň aňyrsynda ýatan sebäpler barada şeýle diýdi:

—Soňky döwrüň, hususan-da soňky bir ýylyň dowamynda, Kerkuk şäherinde türkmenler käbir terror güýçleriniň hüjümlerine sezewar boldular. Kerkukdaky türkmenlere görkezilýän wagşylygyň aňyrsynda haýsy güýçleriň durandygyny bilemzok. Biz hem syýasy bir topar hökmünde bütin türk dünýäsine, regionda özümiziň kanuny hakymyz hem-de Yragyň hökümetiniň düzüminde bolandygymyz üçin ýurduň hökümetine ýüz tutduk.

Arşad Salihiň sözüne görä, ol Yrakdaky türkmenleriň meselesini ýurduň mejlisinde hem gozgapdyr:

—Men Mejlisde iki aýyň dowamynda sekiz gezek çykyş etdim. Men Yragyň hökümetine: “Gidiň-de Kerkuga baryp serediň, näme üçin türkmenler öldürilýär?” diýdim. Gynansak-da, ýurduň hökümeti bu mesele bilen gyzyklanmady. Şol ýagdaýda men Yrak türkmenleriniň başlygy hökmünde Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan ýaly türki döwletlere, tutuş türk dünýäsine “bärde siziň doganlaryňyz bar” diýip ýüzlendim.

Yrakdaky türkmen jemgyýetiniň başlygy ýurtda türkmenleriň ýagdaýy barada şeýle gürrüň berdi:

—Gynanç bilen boýun alsagam, häzir Yrakdaky türkmenleriň ýagdaýy juda pajygaly ýagdaýda. Biz türk dünýäsinden, hemaýat-goldawdan üzňe galdyk. Yrakdaky türkmenler Saddam döwründe-de, ondan soň hem agyr günleri başdan geçirdi.

Yrakdaky türkmen mugallymlary protest mahalynda, 2011-nji ýylyň iýun aýy.
Yrakdaky türkmen mugallymlary protest mahalynda, 2011-nji ýylyň iýun aýy.


Şonuň bilen birlikde Salihi türkmenleriň Yragyň syýasy durmuşyna işjeň we netijeli gatnaşýandygyny hem aýdyp geçdi:

—Türkmenler syýasatdan näçe uzak tutulsa-da, “Yragyň türkmen jemgyýeti” syýasy topar hökmünde şu ýylky geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Hudaýa şükür, Mejlise bizden alty sany millet wekili saýlandy. Munuň netijesinde, ýurduň Mejlisinde “Yragyň türkmen jemgyýeti” türkmen milletiniň hakyny goraýar.

Azatlyk Radiosunyň Türkmen gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginiň soňunda “Yragyň türkmen jemgyýetiniň” başlygy Arşad Salihi Türkmenistandaky türkmenlere ýüzlenip, şeýle diýdi:

—Türkmenistandaky doganlaryma ýüzlenýärin, Yrakda, Kerkukda siziň ganybir garyndaşlaryňyz, türkmen doganlaryňyz bar. Biz halkara arenasynda Türkmenistandaky doganlarymyzdan hemaýata mätäç.

Yrakdaky türkmenleriň sany barada dürli maglumatlar orta atylýar. Günbatar çeşmelerinde olaryň ilat sany 200,000 – 300,000 aralygy diýlip görkezilýär, emma Türkiýäniň hökümeti ol regionda 3 milliona golaý türkmeniň bardygyny öňe sürýär. Yrak türkmenleriniň aglabasy ýurduň demirgazyk we orta welaýatlary bolan Mosulda, Erbilde, Kerkukda we Deýalahda ýaşaýarlar.
XS
SM
MD
LG