Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýanyň prezidenti Aşgabada sapar edýär


Wengriýanyň prezidenti Pal Şmidt
Wengriýanyň prezidenti Pal Şmidt

Şu gün Wengriýa respublikasynyň prezidenti Pal Şmidt özüniň ilkinji resmi sapary bilen Türkmenistana barýar. Türkmen metbugatynyň berýän maglumatyna görä, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklaryň dowamynda, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň gerimi boýunça maslahat geçirerler.


Bu Wengriýanyň prezidenti Pal Şmidtiň Türkmenistana edýän ilkinji resmi saparydygyna garamazdan, mundan öň hem Wengriýanyň dürli derejelerdäki resmileri Türkmenistanda saparda bolupdylar.

2007-nji ýylda Türkmenistana Wengriýanyň maliýe we transport ministriniň ýolbaşçylygyndaky hökümet delegasiýasy gelipdi. 2008-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda Wengriýa respublikasynyň premýer-ministri Ferens Dýurçaniň baştutanlyk etmeginde ençeme ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerinden düzülen delegasiýa bolupdy.

Türkmenistan-Wengriýa özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, transport, aragatnaşyk we oba-hojalyk ýaly pudaklar boýunça alnyp barylýar.

Prezident Pal Şmidtiň Türkmenistana edýän saparynda anyk haýsy meseleleriň üns merkezinde boljakdygy mälim edilmese-de, ekspertler esasy dykgatyň energiýa pudagyna, hususan-da Hazaryň gazyny Ýewropa akdyrjak “Nabukko” gazgeçiriji proýektine gönükjekdigini aýdýarlar.

Rumyniýanyň Ylymlar Akademiýasynyň agzasy Dan Susionyň nygtamagyna görä, ”Nabukko” proýekti boýunça käbir çözülmedik meseleleriň bardygy göz öňünde tutulsa, onda Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň şular ýaly saparlary juda möhüm häsiýete eýedir. Ýöne, onuň bellemegine görä, häzir proýekt boýunça göze ilýän bir özgerişlik ýok.

—Bu ýagdaý Ýewropa Bileleşiginiň “Nabukko” proýektinden sowaşandygy üçin döremedi. Ýöne, ählimiziň bilşimiz ýaly, häzir Ýewropanyň gün tertibinde has ýokary derejedäki meseleler bar. Biziň görşümiz ýaly, gynansak-da, soňky döwürde bileleşikde energiýa syýasaty ikinji ýa üçünji orunda durýar— diýip, Dan Susio aýdýar.

Göz öňünde tutulýan “Nabukko” proýektiniň gurluşyk gürrüňleri 2002-nji ýyldan bäri dowam edýär. Bu proýekt alty kompaniýanyň, şol sanda Wengriýanyň “MOL Natural Gas Transmission Company Ltd” kompaniýasynyň gatnaşmagyndaky konsorsium tarapyndan amala aşyrylýar.

“Nabukko” proýektini gaz bilen üpjün edip biljek esasy döwletler Yrak, Azerbaýjan we Türkmenistan hasaplanýar. Ýakynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem çykyş edip, türkmen gazynyň Ýewropa eksportynyň – Türkmenistanyň energiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Resmi maglumata görä, soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Wengriýanyň arasyndaky söwda dolanşygy ýokarlanyp, Wengriýadan Türkmenistana esasan farmasewtika, tehnologiýa, şeýle-de gara metallardan öndürilen harytlar eksport edilýär.

Wengriýa respublikasynyň prezidenti Pal Şmidt Türkmenistandan soň, 11-nji noýabrda Azerbaýjana sapara barar.
XS
SM
MD
LG